Oýun sanawy

Türkmenabatda şahyr-söweşiji Seýitnazar Seýdiniň 250 ýyllygy bellenildi

27 Sen. 13:00

Çeşme

Türkmenabat şäherinde meşhur şahyr we söweşde baştutan bolan Seýitnazar Seýdiniň doglan gününiň 250 ýyllygyna bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi. Çäre Seýitnazar Seýdiniň adyny göterýän Türkmen Döwlet Mugallymçylyk Instituty tarapyndan gurnaldy.

Duşuşyga mugallymlar, talyplar we döredijilik bilen meşgullanýan adamlar gatnaşdy. Başlangyçda “Şahyrlar nesli” adyndaky edebi klubyň agzasy bolan talyplar özleriniň ýazan goşgularyny okadylar we olar duşuşyga gelenler tarapyndan gyzgyn garşylandy.

Soňra alymlar Seýitnazar Seýdiniň döredijiligine we taryhy ähmiýetine bagyşlanan çykyşlar etdiler.

Çäräniň dowamynda Garabekewul şäherindäki, Soltannyýaz beg galasynyň golaýyndaky Seýitnazar Seýdiniň ýadygärligine edilen gezelençden taýýarlanan wideogörnüşler görkezildi.

Duşuşyk talyplar tarapyndan taýýarlanan “Seýitnazar Seýdiniň ýaşan döwri” atly edebi-sazly çykyş bilen tamamlandy. Maglumata görä, bu ýokary okuw mekdebinde şahyr-söweşijiniň durmuşy we döredijiligi boýunça ylmy barlaglar dowam etdirilýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Mary welaýatynda ýylda 50 müň tonna önüm öndürmäge ukyply täze süýt gaýtadan işleýän kärhana dabaraly açyldy

26 Okt. 10:04

Çeşme

Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze Oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap önümçilik toplumy dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyna ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, senagat kärhanalarynyň hünärmenleri, talyplar ham-da hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Bu döwrebap toplum sebitiň azyk senagaty kuwwatyny ep-esli artdyrmaga uly goşant goşar.

Täze zawodyň gurluşyk işleri hususy telekeçi Guwançmyrat Orazowa hemişelik ulanmak üçin bölünüp berlen 3,5 gektar meýdanda alnyp baryldy. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde ýurduň öňdebaryjy «Täze Aý Önümleri» hojalyk jemgyýeti çykyş etdi, alnyp barylan gurluşyk işleri bolsa Türkiýe Respublikasynyň ýöriteleşdirilen kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyrylan metal gurluşlar we kämil materiallar bilen üpjün edildi.

Kärhana iň döwrebap tehnologik liniýalar, önümçilik sehler hem-da barlaghana-gözegçilik bölümleri bilen doly üpjün edilendir. Bu ýokary tehnologik enjamlar köp görnüşli süýt we gatyk önümlerini öndürmäge, amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümleriň peýdaly häsiýetlerini saklamak bilen olaryň saklanyş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýär. Desganyň ulanyşa girizilmegi içerki bazary ýerli önümler bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-da sebitde täze iş orunlaryny döretmäge şert döredýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌