Oýun sanawy

Türkmenistanyň Futbol Kubogynyň Ýarymyfinal duşuşyklary başlaýar

20 Noý. 08:17

Çeşme

2025-nji ýylyň futbol möwsüminiň Türkmenistanyň Kubogynyň ýarymyfinal duşuşyklary 21-nji we 22-nji noýabrda geçirilýär. “Arkaadag”, “Ahal”, “Aşgabat” we “Şagadam” komandalary finala çykmak üçin bäsleşýärler.

Häzirki çempion “Arkaadag” 21-nji noýabrda daşaryda “Aşgabat” bilen duşuşar. Çärýek finalda “Arkaadag” “Nebitçi”ni umumy hasapda 9:1 (6:0 we 3:1) ýeňip, “Aşgabat” bolsa “Altyn Asyr”y iki gezek – 2:1 we 3:2 utup, ýarymyfinala çykdy. Oýun paýtagtdaky “Nisa” stadionynda sagat 14:00-da başlar.

Ikinji ýarymyfinal duşuşygynda 21-nji noýabrda “Ahal” bilen “Şagadam” duşuşar. Iki topar hem çärýek finaldan üstünlikli çykdy: “Ahal” “Köpetdag” bilen duşuşygy 2:2 we 1:0 hasaby bilen ýeňdi, “Şagadam” bolsa “Merw”i 0:0 we 4:1 hasaby bilen utup geçdi. Oýun “Şagadam” stadionynda, Türkmenbaşy şäherinde sagat 15:30-da başlar.

Ýarymyfinalyň jogap duşuşyklarynyň seneleri soňra yglan ediler. Iki oýun boýunça ýeňijiler 2025-nji ýylyň Türkmenistanyň Kubogynyň finalçylaryny kesgitlär.

“Arkaadag” – “Aşgabat” oýny üçin baş arbitr D. Muradow, “Şagadam” – “Ahal” duşuşygyny bolsa B. Atdyýew topary dolandyrar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Türkmenistanyň U15 futbol ýygyndysy Bakuda geçirilýän FIFA festiwalynda ilkinji ýeňişlerini gazandy

Bugün 06:20

Çeşme

Türkmenistanyň 15 ýaşa çenli (U15) ýetginjekler ýygyndysy Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde geçirilýän FIFA-nyň bütindünýä festiwalynda we dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş edýär. Ýurdumyzyň ýetginjek futbolçylary L toparçada Gonkongyň ýygyndysyny 2:1 hasabynda hem-de Kuk adalarynyň toparyny 3:1 hasabynda ýeňmegi başardylar. Toparyň düzüminde Artýom Çernow 3 gol geçirip, iň netijeli hüjümçi boldy. Şeýle hem Guwanç Artykow, Serdar Agaýew we Zehnetdin Şarafatdinow hersi bir gezek tapawutlandylar.

Geçirilen duşuşyklarda türkmen futbolçylary Italiýanyň (1:5) we Kataryň (0:4) güýçli ýygyndylaryna ýeňilen hem bolsalar, geçiren 4 oýnundan soň 6 utuk toplap, toparçada üçünji orny eýelediler. Deslapky Tapgyryň soňky duşuşygyny milli ýygyndymyz 26-njy oktýabrda Beniniň toparçasy bilen geçirýär. Bakuwdaky bäsleşige baş tälimçi Aziz Kambarowyň we onuň kömekçisi Dawid Sarkisowyň ýolbaşçylygynda ham-da kapitan Şamyrat Namraýewiň serdarlygynda jemi 14 sany ýaş futbolçy ugradyldy.

Halkara ýaryşyň düzgünlerine laýyklykda, oýunlar kiçeldilen meýdançalarda 8×8 görnüşinde amala aşyrylyp, duşuşyklar 20 minutlyk iki taýmdan ybaratdyr. Deslapky tapgyrdan soň toparlar eýelän orunlaryna görä pleý-off diwizionlaryna бölünýärler we ýaryşyň dowamynda her bir ýygyndy jemi 10 oýun geçirer. Bu halkara turnir Türkmenistanyň ýaş futbolçylary üçin uly halkara tejribe we amaly mekdep öwrülýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌