Oýun sanawy

“C5+1” sammitiniň çäklerinde Türkmenistanyň we ABŞ-nyň Prezidentleriniň Ak tamda duşuşygy boldy

08 Noý. 10:01

Çeşme

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp “Merkezi Aziýa + ABŞ” atly sammitiň çäklerinde Ak tamda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdiler. TDH-nyň habaryna görä, taraplar döwletara hyzmatdaşlygy giňeltmäge bolan taýýarlygyny tassyk etdiler.

Duşuşyk, 2015-nji ýylda döredilen we Türkmenistany, Gazagystany, Gyrgyzystany, Täjigistany, Özbegistany hem-de ABŞ-y birleşdirýän “C5+1” diplomatik platformasynyň çäklerinde geçirildi. Bu görnüş sebit ýurtlary bilen ABŞ-nyň arasyndaky hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça netijeli dialogy ösdürmäge gönükdirilendir.

Prezidentleriň korteži Ak tama gelip ýetenden soň, Serdar Berdimuhamedow myhmansöýerlik bilen garşy alyndy. Gepleşikleriň başlanmazyndan ozal, ol “Ruzwelt otagyndaky” Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýazgy galdyrdy.

Donald Tramp türkmen ýolbaşçysyny mübärekläp, sammite gatnaşandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Serdar Berdimuhamedow hem ABŞ tarapyndan bildirilen çakylyk üçin hoşallyk aýtdy we “C5+1” formatynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmek üçin täze mümkinçilikler açýandygyny nygtady.

Ol, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanç ýyly hökmünde yglan edilendigini we bu başlangyjyň ABŞ tarapyndan hem goldanylandygyny belledi.

Duşuşygyň jeminde taraplar möhüm ugurlar boýunça döwletara hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmak niýetini tassyk etdiler.

















Türkmenistanyň ylmy wekiliýeti Baku şäherinde geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar

10 Sen. 10:48

Çeşme

Türkmen wekiliýeti Birinji türkologiýa sýezdiniň 100 ýyllyk baýramyna bagyşlanyp Azerbaýjanda geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar. Bu abraýly bilim forumy 9-njy sentýabrda öz işine başlady diýip «AZERTAJ» agentligi habar berýär.

Bu çäre Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasy we Folklor instituty tarapyndan guramaçylykly geçirilib, oňa TİKA hem-de TÜRKSOÝ ýaly halkara guramalar goldaw berýär. Maslahata Türkmenistan bilen bir hatarda Türkiýeden, Gazagystandan, Ýaponiýadan, Germaniýadan we beýleki onlarça ýurtdan wekiller gatnaşýarlar.

Halkara çäräniň gidişinde Ýewraziýa sebitiniň taryhy we medeni ösüşinde möhüm orun eýeleýän Altaý halklarynyň siwilizasiýa mirasy, taryhy hem-de medeniýeti barada giňişleýin pikir alşylýar.

Dört güne niýetlenen bu simpoziumyň çäklerinde dünýäniň 15 ýurdundan gelen alymlaryň we hünärmenleriň 121 sany ylmy hasabaty diňleniler.