Oýun sanawy


Türkmenistanyň futbol kluby «Arkadag» öz taryhynda täze maliýe derejesine ýetdi — toparyň umumy bazar bahasy 3 million ýewrodan ýokary galdy. Bu ösüş ýarymgoragçy Meýlis Diniýewiň transferi bilen baglanyşykly bolup, klubuň bahasy takmynan 2,9 million ýewrodan 3,05 million ýewro çenli artdy.
25 ýaşly futbolçy «Arkadagyň» düzümine Gyrgyzstanyň çempionatynda çykyş eden «Kyrgyzaltyn» klubundan geldi. Geçen möwsümde Diniýew 12 duşuşyga gatnaşyp, iki gezek tapawutlandy. Onuň şahsy bazar bahasy 150 müň ýewro diýip hasaplanýar.
Diniýew Türkmenistanyň futbol janköýerlerine tanyş oýunçy. Ol öň «Ahal» we «Köpetdag» klublarynyň hem reňklerini gorady, şeýle-de Türkmenistanyň milli ýygyndysynda çykyş etdi. Milli toparyň düzüminde alty duşuşyga gatnaşyp, geçen ýylyň noýabr aýynda Hytaý Taýbeýiniň derwezesine gol geçirdi.
«Arkadag» kluby Türkmenistanyň içki futbolynda öňdebaryjy ornuny berkitmegini dowam etdirýär. 2025-nji ýylda baş tälimçi Wladimir Baýramowyň ýolbaşçylygynda topar üçünji gezek yzygiderli Türkmenistanyň çempiony boldy we Türkmenistanyň Kubogyny gazandy. Halkara arenasynda-da üstünlik gazanylyp, 2024/25 möwsüminiň AFK Çagyryş ligasynyň Kubogy finalda Kambojanyň «Prea Han Riç Swaý Riýeng» klubyny 2:1 hasabynda ýeňip aldy.
Soňra «Arkadag» Türkmenistanyň Superkubogyny gazanyp, ilkinji gezek AFK Çempionlar ligasy-2-niň 1/8 finalyna çykdy. Bu tapgyrda Türkmenistanyň wekili Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» kluby bilen duşuşar. Bu toparyň düzüminde dünýä belli futbolçylar, şol sanda Kristiýanu Ronaldu hem bar. Duşuşyklar 11-nji we 18-nji fewralda geçiriler.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň U15 futbol ýygyndysy Bakuda geçirilýän FIFA festiwalynda ilkinji ýeňişlerini gazandy
Bugün 06:20Türkmenistanyň 15 ýaşa çenli (U15) ýetginjekler ýygyndysy Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde geçirilýän FIFA-nyň bütindünýä festiwalynda we dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş edýär. Ýurdumyzyň ýetginjek futbolçylary L toparçada Gonkongyň ýygyndysyny 2:1 hasabynda hem-de Kuk adalarynyň toparyny 3:1 hasabynda ýeňmegi başardylar. Toparyň düzüminde Artýom Çernow 3 gol geçirip, iň netijeli hüjümçi boldy. Şeýle hem Guwanç Artykow, Serdar Agaýew we Zehnetdin Şarafatdinow hersi bir gezek tapawutlandylar.
Geçirilen duşuşyklarda türkmen futbolçylary Italiýanyň (1:5) we Kataryň (0:4) güýçli ýygyndylaryna ýeňilen hem bolsalar, geçiren 4 oýnundan soň 6 utuk toplap, toparçada üçünji orny eýelediler. Deslapky Tapgyryň soňky duşuşygyny milli ýygyndymyz 26-njy oktýabrda Beniniň toparçasy bilen geçirýär. Bakuwdaky bäsleşige baş tälimçi Aziz Kambarowyň we onuň kömekçisi Dawid Sarkisowyň ýolbaşçylygynda ham-da kapitan Şamyrat Namraýewiň serdarlygynda jemi 14 sany ýaş futbolçy ugradyldy.
Halkara ýaryşyň düzgünlerine laýyklykda, oýunlar kiçeldilen meýdançalarda 8×8 görnüşinde amala aşyrylyp, duşuşyklar 20 minutlyk iki taýmdan ybaratdyr. Deslapky tapgyrdan soň toparlar eýelän orunlaryna görä pleý-off diwizionlaryna бölünýärler we ýaryşyň dowamynda her bir ýygyndy jemi 10 oýun geçirer. Bu halkara turnir Türkmenistanyň ýaş futbolçylary üçin uly halkara tejribe we amaly mekdep öwrülýär.
Şeýle hem okanyň