Oýun sanawy

17 Sen. 06:13

Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Bagtly zamana atly täze obanyň açylmagy bilen gutlady

Çeşme

Şu gün Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliginde täze, döwrebap Bagtly zamana obasynyň açylyş dabarasy geçirilýär. Şu mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow watandaşlaryna Gutlag haty bilen ýüzlendi.

"Türkmenistan" gazetinde çap edilen Gutlagynda döwlet Baştutany şeýle belleýär:

"Hormatly dabara gatnaşyjylar!

Sizi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda uly dabara bilen giňden bellenilýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramy hem-de Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliginde täze, döwrebap Bagtly zamana obasynyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Bu gün biz ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk senesiniň we Garaşsyzlyk baýramymyzyň öň ýanynda gözel Diýarymyzyň ähli ýerlerinde täze binalardyr desgalaryň açylyş dabaralarynyň şaýady bolýarys. Gysga döwrüň içinde Ahal welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde hem uly işler amala aşyryldy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliginiň Bagtly zamana obasynda gurlan, häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen 400 sany döwrebap ýaşaýyş jaýy, 640 orunlyk orta mekdep, 320 orunlyk çagalar bagy, söwda merkezi, geňeşligiň edara binasy häzirki wagtda gülläp ösýän türkmen döwletiniň şu günki we ýakyn geljekdäki ýüzlerçe obadyr şäherleriniň nusgalyk keşbidir. Bagtly zamana obasy geňeşligiň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylyp, oba ýaşaýjylarynyň medeni-durmuş derejesiniň we hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagyna ýardam eder. Obanyň gurluşygynyň giň gerimli özgertmeler maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine uly goşant goşýan türkmen gurluşykçylary tarapyndan ýerine ýetirilmegi aýratyn guwandyryjydyr.

Bu gün gözel Diýarymyzyň welaýatlary, etraplary we şäherleri barha özgerýär. Nusgalyk obalardyr şäherçelerde gurulýan ýaşaýyş jaýlarynda raýatlarymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamaklary, dynç almaklary üçin ähli şertler döredilýär. Durmuş eşretleri ilatyň ösen isleglerini kanagatlandyrmak üçin gurulýan ähli obalary gurşap alýar. Bu işleriň düýp many-mazmuny bolsa ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýan «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer syýasatda kesgitlenendir.

Eziz watandaşlar!

Türkmen topragynyň dürli künjeklerinde döwrebap durmuş-ykdysady düzümleriň döredilmegi, ähli pudaklara ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryny, innowasiýalary ornaşdyrmaga gönükdirilýän ägirt uly maýa goýum serişdeleri ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyna we ykdysadyýetiniň sazlaşykly ösýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. Paýtagtymyzy, beýleki şäherlerimizi bezeýän ajaýyp binagärlik toplumlary, önümçilik kärhanalary, saglygy goraýyş, medeni, sport desgalary, ýokary we orta okuw mekdepleriniň, çagalar edaralarynyň täze binalary soňky ýyllarda batly depginler bilen öňe barýan Watanymyzyň artýan ykdysady kuwwatyna şaýatlyk edip, döwletimizde adam baradaky aladanyň ileri tutulýandygyny görkezýär.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynyň» çäklerinde amala aşyrylýan işleriň ilatymyzyň durmuş taýdan goraglylygyny pugtalandyrmakda, ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmakda möhüm ähmiýeti bardyr. Geljekde hem ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen milli strategiýany amala aşyryp, ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň, medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyny güýçli depginler bilen dowam etdireris.

Halkymyzyň bähbitleri we abadan durmuşy baradaky alada Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugrudyr. Ýurdumyzda täze taryhy döwürde ýaýbaňlandyrylýan giň möçberli özgertmeler hut şu maksatlara gönükdirilýär. Geljekde hem Garaşsyz Watanymyzyň her bir ilatly ýerinde adamlaryň gowy ýaşamaklary, dynç almaklary, wagtyny peýdaly geçirmekleri üçin ähli şertleri döretmek döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolar.

Hormatly adamlar!

Sizi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramy hem-de Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliginde täze döwrüň talaplaryna doly laýyk gelýän Bagtly zamana obasynyň açylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, alyp barýan işleriňizde rowaçlyklary arzuw edýärin".

Iň köp görülen

31 Okt. 13:22

Türkmenistanyň bank ulgamynyň zenan işgärleriniň arasynda döredijilik bäsleşigi geçirildi

Çeşme

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde ýurdumyzyň bank pudagynda zähmet çekýän zenanlaryň arasynda döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa welaýatlaryň hem-de şäherleriň saýlama tapgyrlarynda öňe çykan ýeňijiler gatnaşdy.

Bäsleşigiň ilkinji tapgyrynda gatnaşyjylar Türkmenistanyň bank ulgamyndaky ösüşler, gazanylan sepgitler hem-de 2011–2030-njy ýyllar üçin bank ulgamyny ösdürmegiň Döwlet maksatnamasy esasynda alnyp barylýan işler barada gürrüň berdiler.

Ikinji tapgyrda gatnaşyjylar aýdym, dessan ýa-da goşgular bilen çykyş etdiler. Jemleýji tapgyrda bolsa olar dabaraly saçak taýýarlap, milli naharlaryň taýýarlanylyşyny görkezdiler.

Netijeler boýunça:

  • üçünji orun — Ahal, Lebap welaýatlaryndan we Arkadag şäherinden gelen gatnaşyjylara;

  • ikinji orun — Balkan welaýatyndan we Aşgabat şäherinden gatnaşyjylara;

  • birinji orun — Mary welaýatynyň wekillerine;

  • Baş baýrak — Daşoguz welaýatynyň gatnaşygyna berildi.

Ýeňijiler we baýrak alanlar hormat hatlary hem-de gymmatly sowgatlar bilen sylaglandy.
Bäsleşigiň dabaraly bölegi estrada ýerine ýetirijileriniň aýdym-sazly çykyşlary bilen tamamlandy.

Bäsleşik Türkmenistanyň Merkezi bankyTürkmenistanyň zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi we Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň milli merkezi tarapyndan guraldy. Çäre Parahatçylyk we ynam ýylynaTürkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygynahemişelik bitaraplygyň 30 ýyllygyna, şeýle hem milli manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 32 ýyllygyna bagyşlandy.