Oýun sanawy

Türkmenistanyň ýolbaşçy düzüminiň wekilleri Awazada sport çärelerine gatnaşdylar

09 Awgust. 04:21

Çeşme

Häzirki wagtda zähmet rugsadynda bolýan Türkmenistanyň ýolbaşçy düzüminiň wekilleri Mähriban Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şahsy göreldesine eýerip, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen köpçülikleýin sport we sagaldyş çärelerine gatnaşdylar. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Ýolbaşçy düzümiň wekilleri säher bilen Hazar deňziniň kenarynda bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirdiler. Şondan soň olar «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň çäginde welosipedli ýörişi amala aşyrdylar ham-da özara toparlara bölünip, sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşikleri guradylar.

Awazadaky dynç alyş we şypahana düzümleriniň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak, ilatyň saglygyny berkitmek meselelerine döwlet derejesinde uly üns berilýär. Ýolbaşçy kadrlaryň bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmagy sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde we köpçülikleýin sporty ösdürmekde möhüm ugur hökmünde kesgitlenendir.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Türkmen alabaýynyň baýramynda iki hünärmene «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly at dakyldy

26 Okt. 07:21

Çeşme

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow milli baýramçylyk bolan Türkmen alabaýynyň güni mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady dakmak baradaky degişli Permana gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň habar bermegine görä, bu resminama milli itşynaslyk mekdebiniň köpasyrlyk däplerini saklamakda hem-de türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda uly hyzmatlary bitiren zähmetkeşleri sarpalamaga gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, alabaý itlerini ylmy esasda saklamakda, köpeltmekde we olaryň tohum arassalygyny goramakda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal hem-de göreldeli zähmeti göz öňünde tutulyp, iki raýata bu ýokary döwlet ady gowşuryldy. Şunlukda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi gulluk itlerini köpeldiş we kämilleşdiriş ýeriniň uly tehnigi Begmyrat Halwatjanow hem-de Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby bölüminiň it idedijisi Parahat Bäşimow bu mukaddes ada mynasyp görüldiler.

Ata-babalarymyzdan miras galan türkmen alabaýlary halkymyzyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Häzirki wagtda ýurtda alabaýlaryň baş sanyny artdyrmak, olary halkara derejede wagyz etmek we harby hem-da hukuk goraýjy edaralarda gulluk itleri hökmünde netijeli ulanmak boýunça giň göwrümli döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌