Oýun sanawy

Türkmenistanly işewür zenanlar Parižde geçirilen abraýly dizaýn sergilerine gatnaşdy

23 Ýan. 12:21

Çeşme

Türkmenistandan gelen işewür zenanlaryň wekiliýeti 15–19-njy ýanwar aralygynda Pariž şäherinde guralan Maison & Objet hem-de Who’s Next Paris atly iri halkara sergilerinde çykyş etdi. Bu sapar Halkara söwda merkeziniň Ýewropa Bileleşiginiň goldawy bilen durmuşa geçirýän «Türkmenistan: söwdanyň durnuklylygy we utgaşmasy» taslamasynyň çäginde amala aşyryldy.

Maison & Objet sergisi Paris Nord Villepinte sergi merkezinde 15–19-njy ýanwar aralygynda, Who’s Next Paris bolsa 17–19-njy ýanwar aralygynda Paris Expo Porte de Versailles meýdançasynda geçirildi. Bu çäreler döredijilik pudagynyň halkara hünärmenlerini bir ýere jemläp, Türkmenistan üçin täze mümkinçilikleri açdy.

Türkmenistanly wekiliýetiň hatarynda «Binaym», «Shekil Studio/Ensi», «AYM (AYMAHRI)» brendleriniň wekilleri hem-de dizaýner Mukaddes Ibragimowa boldy. Gatnaşyjylar önümleriň halkara derejede hödürleniş usullaryny, eksport üçin taýýarlyk, gaplama we sertifikatlaşdyrma talaplaryny öwrenip, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen duşuşyklary geçirdiler.

AYM brendiniň esaslandyryjysy Nurjahan Täçmyradowanyň bellemegine görä, şeýle halkara sergilere gatnaşmak Türkmenistanly işewürlere dünýä tejribesini öwrenmäge we ony öz işine ornaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Unique Camel Wool brendiniň esaslandyryjysy Şasenem Garlyýewa bolsa bu çäreleriň halkara bazarlaryň talaplaryna has oňat düşünmäge we täze hyzmatdaşlyk ugurlaryny tapmaga ýardam edýändigini aýtdy.

«Türkmenistan: söwdanyň durnuklylygy we utgaşmasy» taslamasy Türkmenistanda işewürlik şertlerini ösdürmäge, kiçi we orta kärhanalaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga hem-de ýurduň halkara söwda ulgamyna, şol sanda Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlyga işjeň gatnaşmagyny goldamaga gönükdirilendir.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Mary welaýatynda ýylda 50 müň tonna önüm öndürmäge ukyply täze süýt gaýtadan işleýän kärhana dabaraly açyldy

26 Okt. 10:04

Çeşme

Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze Oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap önümçilik toplumy dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyna ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, senagat kärhanalarynyň hünärmenleri, talyplar ham-da hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Bu döwrebap toplum sebitiň azyk senagaty kuwwatyny ep-esli artdyrmaga uly goşant goşar.

Täze zawodyň gurluşyk işleri hususy telekeçi Guwançmyrat Orazowa hemişelik ulanmak üçin bölünüp berlen 3,5 gektar meýdanda alnyp baryldy. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde ýurduň öňdebaryjy «Täze Aý Önümleri» hojalyk jemgyýeti çykyş etdi, alnyp barylan gurluşyk işleri bolsa Türkiýe Respublikasynyň ýöriteleşdirilen kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyrylan metal gurluşlar we kämil materiallar bilen üpjün edildi.

Kärhana iň döwrebap tehnologik liniýalar, önümçilik sehler hem-da barlaghana-gözegçilik bölümleri bilen doly üpjün edilendir. Bu ýokary tehnologik enjamlar köp görnüşli süýt we gatyk önümlerini öndürmäge, amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümleriň peýdaly häsiýetlerini saklamak bilen olaryň saklanyş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýär. Desganyň ulanyşa girizilmegi içerki bazary ýerli önümler bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-da sebitde täze iş orunlaryny döretmäge şert döredýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌