Oýun sanawy

Aşgabadyň merkezinde Garaşsyzlygyň 34 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly ýöriş geçirildi

27 Sen. 13:06

Çeşme

Türkmenistanyň Döwlet münberinde Garaşsyzlygyň 34 ýyllygyna bagyşlanan dabaralaryň iň ulusy — dabraly ýöriş geçirildi. Çärä daşary ýurtly myhmanlar we diplomatik wekillikler hem gatnaşdy.

Ýörişde ýurdumyzyň ähli harby güýçleriniň düzümindäki goşunlar dabaraly ýagdaýda meýdançadan geçdi. Täze döwrebap harby tehnikalar görkezildi, bu bolsa Türkmenistanyň diňe goranyş maksatly ýöredýän harby syýasatynyň aýdyň subutnamasydyr. Howa giňişliginde harby uçarlaryň we dikuçarlaryň toparlaýyn uçuşlary ýerine ýetirildi. Şol bir wagtda, Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän Harby-deňiz güýçleriniň taýýarlygy hem wideo şekiller arkaly tomaşaçylara ýetirildi.

Dabaranyň aýratyn bölegi hökmünde ahalteke atlarynyň üstünde ýörelýän esgerler çykyş etdiler. Bu atly toparlar halkyň taryhy baýlygyny we edermenlik ruhuny şöhlelendirdi.

Soňra meýdança Aşgabadyň, Arkadag şäheriniň hem-de welaýatlaryň zähmetkeş wekilleri çykdylar. Olar bilen bir hatarda dürli pudaklaryň öňdebaryjy işgärleri, ýaş hünärmenler we talyplar hem ýörişe gatnaşdylar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýady we tehniki enjamlaşdyrylyşy döwrebaplaşdyrylar

24 Okt. 12:11

Çeşme

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hakynda degişli Karara gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň mälim etmegine görä, bu resminama ýurduň gaz senagaty toplumynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli ýokary götermäge we pudagyň tehniki mümkinçiliklerini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Häzirki wagtda döwlet konserniniň önümçilik desgalaryny täzeden enjamlaşdyrmak we tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň göwrümli çäreler bellenilen tertipde alnyp barylýar. Amala aşyrylýan bu toplumlaýyn adimler tebigy gazy gazyp almagyň hem-de gaýtadan işlemegiň göwrümini artdyrmak bilen bir hatarda, içerki we daşarky sarp edijileri mawy ýangyç bilen bökdençsiz hem-da durnukly üpjün etmäge şert döredýär.

Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, degişli wise-premýer Guwanç Agajanowa konserniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan ähli işleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Pudagy kämilleşdirmekde dünýäniň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga aýratyn üns beriler.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌