Oýun sanawy

Aşgabadyň dokma toplumynda bedew şekilli oýunjak şu ýylyň iň islegli harydy boldy

04 Few. 09:27

Çeşme

Şu ýyl Türkmenistanyň dokma senagatynda aýratyn tapawutlanan önümleriň biri Aşgabadyň dokma toplumynda öndürilýän türkmen bedewiniň şekilindäki dokma oýunjak boldy. Şadyýan atjagazyň keşbinde taýýarlanan bu kiçi göwrümli önümler sowgat hökmünde hem, gündogar süýjüliklerini gaplamak üçin hem giňden ulanylýar.

Türkmenistanda çagalar üçin niýetlenen önümler hem uly islegden peýdalanýar. Täze doglan bäbekler üçin ekologiýa taýdan arassa nah matadan tikilen suwa düşülýän halatly toplumlar amatlylygy we howpsuzlygy bilen tapawutlanýar.

Möwsümiň täzelikleriniň arasynda futbol muşdaklary üçin niýetlenen hammam toplumlary aýratyn orun eýeleýär. AFK-nyň Çempionlar ligasynyň 1/8 final duşuşyklarynyň öňüsyrasynda «Arkadag» futbol klubynyň nyşanly dokma toplumlary uly meşhurlyk gazandy. Şeýle-de dünýä futbolynyň meşhur «7» belgili ýyldyzyna bagyşlanan «Ronaldo» atly tapgyr alyjylaryň ünsüni çekdi.

Aşgabadyň dokma toplumynyň ýöriteleşdirilen dükanlarynda nepis aksessuarlardan başlap, sowgatlyk gutularda hödürlenýän ýokary hilli eksport düşekçe toplumlaryna çenli dürli görnüşli önümleri tapmak bolýar. Bu dokma önümleri Türkmenistanyň öý bezeginde aýratyn ýylylyk we rahatlyk döredýär.

«Goza» dokma önümleri dükanynda galyň matadan tikilen, nepis nagyşly şopperler hem-de smartfonlar üçin niýetlenen kiçi torbalar hem hödürlenýär. Bu aksessuarlaryň esasy aýratynlygy türkmen däp-dessuryna mahsus bolan alaja goragynyň ulanylmagydyr.

2007-nji ýylda açylan Aşgabadyň dokma toplumy Merkezi Aziýada iň iri dokma kärhanalarynyň biri hasaplanylýar. ABŞ-a, Ýewropa, Türkiýä we GDA ýurtlaryna önümlerini eksport edýän kärhana ekologiýa taýdan arassalyk ýörelgesine ygrarly bolup, Türkmenistanyň halkara abraýyny pugtalandyrýar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi

Bugün 09:12

Çeşme

«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.

Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.

Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌