Oýun sanawy

Dünýäniň iň äpet atynyň boýy 2 metre ýetdi: Hýugo ösmegini dowam etdirýär

14 Sen. 17:15

Çeşme

Beýik Britaniýanyň Northemptonşir graflygynda ýaşaýan Hýugo atly at resmi taýdan häzirki wagtda dünýäde bar bolan atlaryň içinde iň belendi diýlip ykrar edildi. BBC gullugynyň habar bermegine görä, 4 ýaşly bu atyň gerşiniň belentligi nalsyz ýagdaýda ölçenilip, 199 santimetre ýetdi.

Hýugo Angliýanyň agyr ýük daşamakda meşhur bolan şaýr tohumyna degişlidir. Atyň eýesi Brett Mastersiň aýtmagyna görä, ol takmynan 8,5 ýaşyna çenli ösmegini dowam etdirip biler. Häzirki wagtda atyň saglygyna we iýmitlenişine aýratyn üns berlip, ol yzygiderli weterinarlaryň hamana bogun hünärmenleriniň gözegçiliginde saklanýar.

Bölgäniň ilatynyň arasynda uly meşhurlyga eýe bolan «äpet at» eýýäm Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekilleriniň hem ünsüni özüne çekdi. Häzirki wagtda Hýugo şaýr atlarynyň taryhy çykyşlaryna gatnaşýar we geljekde münülýän at hökmünde peýdalanylyşy öwredilýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi

Bugün 09:12

Çeşme

«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.

Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.

Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌