Oýun sanawy


Gazagystanyň Aktau şäherinde 1-nji oktýabrda başlan «Gorkut ata» halkara kinofestiwaly üstünlikli dowam edýär. 1–5-nji oktýabr aralygynda geçirilýän bu döredijilik baýramçylygy däp bolşy ýaly, türki döwletleriniň wekillerini birleşdirip, kino sungatyny ösdürmekde, hyzmatdaşlygy berkitmekde hem-de dünýä jemgyýetçiligine türki halklaryň baý medeni mirasyny ýetirmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Şu günlerde ýurdumyzyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň hem-de Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň döredijilik topary festivalda işjeň çykyş edýär. Olar ýurdumyzyň zehinli ssenaristleriniň, režissýorlarynyň, aktýorlarynyň we operatorlarynyň döreden filmlerini dünýä kinosöýüjilerine görkezýärler.
Festivaliň eminler toparynda hem watandaşlarymyzyň bardygy bu baýramçylygyň aýratyn bir pursatydyr. «Türkmenfilm» birleşiginiň başlygynyň orunbasary Sahysalyh Baýramow çeper filmler boýunça emin bolup çykyş edýär, halypa kinematograf Hudaýberdiýew Döwletgeldi bolsa dokumental filmler boýunça eminler toparynda işleşýär.
Bäsleşikde görkezilýän esasy filmleriň hatarynda Batyr Batyrowyň režissýorlyk eden «Kämillige ýol 2: Erjellik» çeper filmi, Alawow Hekimiň «Kitap» atly eseri, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan Maksat Gylyjowyň «Ismim düşdi ilden-ile» dokumental filmi bar. Mundan başga-da, Sähragül Janmämmedowanyň milli senedimiz bolan alaja hakyndaky «…senet däldir, ol sungatdyr» atly hronikal-dokumental filmi hem görkezilýär.
Şeýle-de Wepa Işangulyýewyň «Gürgenç gözeli Törebeg» we Zulfiýa Kadyrowanyň «Ynsan syrdaşy» atly çeper filmleri festiwalyň hormatly myhmanlaryna hem-de ähli tomaşaçylara hödürlenýär.
Bu halkara kinofestiwal dünýäniň dürli künjeklerinden gelen kino hünärmenlerini, aktýorlary we bilermenleri bir ýere jemledi. Eziz watandaşlarymyza döredijilikde uly üstünlikleri arzuw edýäris!


NASA-nyň «Habbl» teleskopy älem «köpürjiginiň» içki gurluşyny surata düşürdi
09 Sen. 11:31NASA-nyň «Habbl» älem teleskopy Ýerden 160 müň ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän Uly Magellan Buludyndaky N44 dumanlygynyň täze suratyny aldy. Altynbalyk ýyldyzlar toparynda ýerleşýän bu dumanlygyň merkezinde 500 müň töweregi ýyldyz hem-de gaz we tozandan ybarat dykyz gabyk bilen gurşalan ägirt uly boşluk ýerleşýär. Alymlaryň bellemegine görä, bu boşluk güýçli ýyldyz ýelleriniň we täze ýyldyzlaryň partlamalarynyň täsiri astynda emele gelipdir.
Barlagçylar suratyň ýokarky sag tarapyndaky N44F kiçijik köpürjigine aýratyn üns berýärler. Onuň töwereginde özboluşly sütünlerden ybarat gurluşlar we şöhlelenme akymlary görünýär. Bu sebitde entek ömrüniň ilkinji tapgyrynda duran, wodorody geliý elementine öwrüp başlamadyk 30 müň töweregi örän ýaş ýyldyz ýüze çykaryldy.
Şeýle hem okanyň