Oýun sanawy


Şu dynç günleri Aşgabadyň teatrlarynda nämeler görkeziler (20–21 sentýabr)
19 Sen. 11:2120–21 sentýabr aralygyndaky dynç günlerinde Aşgabadyň teatrlary dürli sahna eserlerini tomaşaçylara hödürlär. Dürli žanrlardan ybarat oýunlaryň tertibi bilen tanyş boluň:
🔹 Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry
20.09.2025 — «Hoşlaşasym gelenok», sagat 19:00
21.09.2025 — «Yşgyň gämisi», sagat 19:00
🔹 Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatry
20.09.2025 — «Pursat», sagat 19:00
21.09.2025 — «Talyp söýgüsi», sagat 19:00
🔹 Alp Arslan adyndaky Milli drama teatry
21.09.2025 — «Söweşe garşy söweş», sagat 19:00
🔹 Aleksandr Puşkin adyndaky Rus drama teatry
20.09.2025 — «Когда сияет душа молодая», sagat 19:00
🔹 Mollanepes adyndaky Talyp teatry
20.09.2025 — «Amanat giýew», sagat 19:00
21.09.2025 — «Söýgi», sagat 19:00
🔹 Arkadag şäherindäki Aman Gülmämmedow adyndaky drama teatry
20.09.2025 — «Pederleriň ýoly», sagat 19:00
21.09.2025 — «Gumly gelin», sagat 19:00
🔹 Türkmenistanyň Döwlet gurjak teatry
20.09.2025 — «Maşa we aýy», sagat 17:00
20.09.2025 — «Juwan kalbym joşanda», sagat 19:00
21.09.2025 — «Bir towşanjyk bar eken», sagat 17:00
21.09.2025 — «Mährem ene», sagat 19:00
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň paýtagtynda Hazar deňziniň daşky gurşawyny goramak boýunça halkara okuw çäresi açyldy
08 Sen. 18:39Aşgabatda «Hazar deňzi – durnukly ösüş we dolandyryş» diýlip atlandyrylan 11-nji Halkara okuw maslahaty öz işine başlady. Ýurduň Daşary işler ministrliginiň, Hazar deňzi institutynyň hem-de Halkara okean institutynyň bilelikde guramagynda geçirilýän bu çäre 18-nji sentýabra çenli dowam eder. Аçylyş dabarasynda BMG-niň we beýleki öňdebaryjy halkara guramalaryň wekilleri çykyş edip, Hazar deňziniň ekologik ýagdaýyna, suwuň çekilmeginiň sebäplerine we deňiz hukugyna aýratyn üns berilýändigini nygtadylar.
2013-nji ýyldan bäri geçirilýän bu bilim maksatnamasynyň çäklerinde Hazarýaka ýurtlardan hem-de Hytaýdan 175 sany hünärmen öz hünär taýýarlygyny ýokarlandyrdy. Şeýle hem maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň деми bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2028-nji ýyly «Halkara hukugynyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky Kararnamanyň möhüm ähmiýeti barada pikir alşyldy.
Şeýle hem okanyň