Oýun sanawy


Türkmenistanyň Prezidentine Özbegistanyň iň ýokary döwlet sylagy gowşuryldy
17 Noý. 14:20Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy «Ýokary derejeli Dostluk» ordeni bilen sylaglady diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär. Bu orden daşary ýurt raýatlaryna berilýän ýurduň iň ýokary döwlet sylagydyr.
Dabara duşenbe güni Türkmenistanyň Prezidentiniň döwlet saparynyň çäklerinde Daşkentdäki «Kuksaroy» kabulhanasynda geçirildi.
Sylagy gowşurýan wagty Şawkat Mirziýoýew bu çözgüdiň özbek halkynyň çuňňur hormatynyň we Serdar Berdimuhamedowyň iki doganlyk ýurduň arasyndaky dostlugy, ynamy hem-de strategiki hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatdaky hyzmatlarynyň ykrar edilýändiginiň nyşanydygyny belledi.
2020-nji ýylda döredilen «Ýokary derejeli Dostluk» ordeni daşary ýurtly döwlet we hökümet baştutanlaryna, beýleki ýurtlaryň parlament wekillerine, halkara guramalarynyň ýolbaşçylaryna hem-de dürli ugurlarda öňden gelýän iş alyp barýan abraýly şahslara berilýär.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Emomali Rahmona gutlag hatyny ýollady
09 Sen. 06:24Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona we doganlyk täjik halkyna ýurduň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk toýy mynasybetli mähirli gutlaglaryny iberdi. «TDH» gullugynyň habar berşi ýaly, döwlet Baştutanymyz öz hatynda Täjigistanyň garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan uly üstünliklerini hem-de iki ýurduň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini aýratyn belledi.
Serdar Berdimuhamedow bilelikdäki tagallalaryň netijesinde dostlukly ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de çuňlaşdyryljakdygyna ynam bildirdi hamana Emomali Rahmona berk jan saglygy we bagtyýarlyk, Täjigistanyň halkyna bolsa parahatçylyk hem-de ösüş arzuw etdi. Ýatladyp geçsek, Täjigistan Respublikasy her ýylyň 9-njy sentýabrynda öz Döwlet garaşsyzlygy gününi dabaraly bellenip geçýär.
Şeýle hem okanyň