Oýun sanawy


1-nji sentýabrda Türkmenistanyň teatrlary täze möwsümini taryhy we durmuş temalaryndaky sahna oýunlary bilen açýar.
30 Awgust. 06:42“Türkmeniň Altyn asyry” saýtynyň habar bermegine görä, Aşgabatdaky teatrlarda çykyşlar agşam sagat 19:00-da başlanar.
Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry “Şükür bagşy” atly spektakli sahnalaşdyrar.
Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynda “Pursat” atly sahna oýny görkeziler.
Mollanepes adyndaky Talyp teatrynyň sahnasynda “Ene sargydy” atly spektakl görkeziler.
A.S. Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatry täze möwsümi “Мать” (“Ene”) atly sahna eseri bilen açar.
Döwlet gurjak teatry bolsa körpe tomaşaçylara “Mährem ene” atly oýny hödürlär.
Şeýle hem welaýat teatrlarynyň döredijilik toparlarynyň täze möwsüme taýýarlyklary tamamlandy we täze sahna eserleri bilen çykyş etmäge taýýar diýlip bellenilýär.
Şeýle hem okanyň


«Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýady we tehniki enjamlaşdyrylyşy döwrebaplaşdyrylar
24 Okt. 12:11Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hakynda degişli Karara gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň mälim etmegine görä, bu resminama ýurduň gaz senagaty toplumynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli ýokary götermäge we pudagyň tehniki mümkinçiliklerini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.
Häzirki wagtda döwlet konserniniň önümçilik desgalaryny täzeden enjamlaşdyrmak we tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň göwrümli çäreler bellenilen tertipde alnyp barylýar. Amala aşyrylýan bu toplumlaýyn adimler tebigy gazy gazyp almagyň hem-de gaýtadan işlemegiň göwrümini artdyrmak bilen bir hatarda, içerki we daşarky sarp edijileri mawy ýangyç bilen bökdençsiz hem-da durnukly üpjün etmäge şert döredýär.
Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, degişli wise-premýer Guwanç Agajanowa konserniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan ähli işleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Pudagy kämilleşdirmekde dünýäniň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga aýratyn üns beriler.