Oýun sanawy


BrandFree Türkmenistan: ekologiýa taýdan arassa täze nesil hojalyk himiýasy
21 Awgust. 05:10BrandFree Türkmenistan - bu Russiýanyň BrandFree kompaniýasynyň ýurdumyzdaky resmi wekili. BrandFree — ýaş, emma çalt ösýän marka bolup, 2021-nji ýyldan bäri ekologiýa taýdan arassa we howpsuz hojalyk himiýasyny öndürýär. Kompaniýanyň önümleriniň arasynda kislorodly akardýjylar, arassalaýjy pastalar, aýna arassalaýjy köpükler, ýagal aýyryjy karandaşyň görnüşleri we çygly salfetkalar bar.
Döredilen gününden bäri brendiň önümleri millionlarça müşderiniň ynamyny gazandy. Diňe 2024-nji ýylda 15 milliondan gowrak haryt satyldy, 5 milliondan gowrak adam biziň müşderimiz boldy. Yzygiderli gaýtalanýan sargytlar bolsa önümlerimiziň hiliniň we howpsuzlygynyň ýokary derejede bolandygyny tassyklaýar.
2024-nji ýylyň güýzünde BrandFree Türkmenistanda işjeň ösüp başlady. Häzirki wagtda Aşgabatda 90-dan gowrak söwda nokady işleýär we önümlerimiziň ählisi ýurduň bäş welaýatynda elýeterli. Mundan başga-da, önümlerimiz internediň üsti bilenem uly isleg bilen satyn alynýar — her gün köp sanly onlaýn sargytlary işläp taýýarlayarys.
Нil taýdan ýokary we howpsuz hojalyk himiýasy hemmelere elýeterli bolmaly. Hut şu ýörelge biziň missiýamyzyň düýp özenini düzýär we kompaniýanyň Türkmenistandaky ösüş ugruny kesgitleýär.
Şeýle hem okanyň


Mary welaýatynda ýylda 50 müň tonna önüm öndürmäge ukyply täze süýt gaýtadan işleýän kärhana dabaraly açyldy
26 Okt. 10:04Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze Oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap önümçilik toplumy dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyna ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, senagat kärhanalarynyň hünärmenleri, talyplar ham-da hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Bu döwrebap toplum sebitiň azyk senagaty kuwwatyny ep-esli artdyrmaga uly goşant goşar.
Täze zawodyň gurluşyk işleri hususy telekeçi Guwançmyrat Orazowa hemişelik ulanmak üçin bölünüp berlen 3,5 gektar meýdanda alnyp baryldy. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde ýurduň öňdebaryjy «Täze Aý Önümleri» hojalyk jemgyýeti çykyş etdi, alnyp barylan gurluşyk işleri bolsa Türkiýe Respublikasynyň ýöriteleşdirilen kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyrylan metal gurluşlar we kämil materiallar bilen üpjün edildi.
Kärhana iň döwrebap tehnologik liniýalar, önümçilik sehler hem-da barlaghana-gözegçilik bölümleri bilen doly üpjün edilendir. Bu ýokary tehnologik enjamlar köp görnüşli süýt we gatyk önümlerini öndürmäge, amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümleriň peýdaly häsiýetlerini saklamak bilen olaryň saklanyş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýär. Desganyň ulanyşa girizilmegi içerki bazary ýerli önümler bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-da sebitde täze iş orunlaryny döretmäge şert döredýär.