Oýun sanawy

Portugaliýada Türkmenistanyň «Belet» platformasynyň mümkinçilikleri görkezildi

05 Iýun. 11:31

Çeşme

ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň guramagynda Türkmenistanyň media wekilleri Portugaliýanyň paýtagty Lissabon şäherinde iş saparynda boldular. Saparyň çäklerinde amala aşyrylan duşuşyklar teleradioýaýlym ulgamyny ösdürmek boýunça halkara tejribe alyşmaga gönükdirildi. Türkmen wekilleri Portugaliýanyň iň iri jemgyýetçilik teleradiokompaniýasy bolan RTP-niň baş edarasyna baryp, olaryň iş usullary we tehniki enjamlaşdyrylyşy bilen tanyşdylar.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar häzirki zaman telewideniýesini we radiosyny döwrebaplaşdyrmak, redaksiýa işlerini sanly ulgama geçirmek ýaly möhüm ugurlary ara alyp maslahatlaşdylar. Ýewropaly hünärmenler öz önümçilik we tehnologik tejribeleri barada giňişleýin maglumat berdiler. Şeýle-de, häzirki wagtda köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde innowasion tehnologiýalary ulanmagynyň ähmiýeti barada pikir alyşdylar.

Duşuşygyň esasy böleginde türkmen wekilleri tarapyndan ýurdumyzda giňden ulanylýan «Belet» milli striming platformasynyň tanyşdyrylyşy guraldy. Portugaliýaly hünärmenler bu sanly ulgamyň gurluşyna, döwrebap dizaýnyna we maglumat gorunyň elýeterliligine ýokary baha berdiler. Esasan hem, platformanyň üsti bilen sport ýaryşlaryny we oýunlaryny göni ýaýlymda ýokary hilde görkezmek mümkinçilikleri daşary ýurtly kärdeşlerde uly gyzyklanma döretdi.

Halkara çärä gatnaşan türkmen wekiliýetiniň düzüminde Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, Daşary işler ministrliginiň, döwlet gazet-žurnallarynyň hem-de «Turkmenportal» internet neşiriniň hünärmenleri we žurnalistleri bar. Türkmen tarapy görkezilen myhmansöýerlik we medeni taýdan döredilen giň mümkinçilikler üçin ýewropaly kärdeşlerine öz minnetdarlyklaryny bildirdiler.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Türkmen alabaýynyň baýramynda iki hünärmene «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly at dakyldy

26 Okt. 07:21

Çeşme

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow milli baýramçylyk bolan Türkmen alabaýynyň güni mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady dakmak baradaky degişli Permana gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň habar bermegine görä, bu resminama milli itşynaslyk mekdebiniň köpasyrlyk däplerini saklamakda hem-de türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda uly hyzmatlary bitiren zähmetkeşleri sarpalamaga gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, alabaý itlerini ylmy esasda saklamakda, köpeltmekde we olaryň tohum arassalygyny goramakda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal hem-de göreldeli zähmeti göz öňünde tutulyp, iki raýata bu ýokary döwlet ady gowşuryldy. Şunlukda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi gulluk itlerini köpeldiş we kämilleşdiriş ýeriniň uly tehnigi Begmyrat Halwatjanow hem-de Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby bölüminiň it idedijisi Parahat Bäşimow bu mukaddes ada mynasyp görüldiler.

Ata-babalarymyzdan miras galan türkmen alabaýlary halkymyzyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Häzirki wagtda ýurtda alabaýlaryň baş sanyny artdyrmak, olary halkara derejede wagyz etmek we harby hem-da hukuk goraýjy edaralarda gulluk itleri hökmünde netijeli ulanmak boýunça giň göwrümli döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌