Oýun sanawy

Türkmenistanda öňüni alyş sanjymlarynyň täze tertibi güýje girýär

27 Awgust. 09:50

Çeşme

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri 2025-nji ýylyň 21-nji iýulynda gol çeken buýruk bilen öňüni alyş sanjymlarynyň geçirilmegi baradaky Milli tertibe üýtgetmeler girizdi. Täze tertip sanjymlaryň möhletlerini hem-de hökmany sanjym edilmeli raýat toparlaryny täzeden kesgitleýär.

Tertibe laýyklykda, bellenilen wagtda sanjym almadyk çagalaryň mekdeplere, çagalar baglaryna kabul edilmegine rugsat berilmeýär. Emma lukmançylyk taýdan garşy görkezmesi bolan ýagdaýynda çagalaryň kabul edilmegi ýörite lukmançylyk konsiliumynyň karary bilen kesgitlenýär.

Sanawda bäbeklik döwründen başlap 25 ýaşyna çenli dürli ýaş toparlary üçin sanjymlaryň anyk tertibi görkezilýär. Olar gepatit B, inçekesel, difteriýa, gökbogma, poliomiýelit, rotawirus, gyzamyk, gyzylja, APW ýaly ýokanç kesellere garşy öňüni alyş çärelerini öz içine alýar.

Täze tertip edaralaryň we guramalaryň ýolbaşçylaryna hem degişli jogapkärçiligi ýükleýär — olar saglygy goraýyş işgärlerine sanjymlaryň geçirilmeginde ýardam bermelidirler.

Şeýle hem, öňüni alyş sanjymlarynyň hasabat ulgamy döwrebaplaşdyrylyp, ähli maglumatlar ilki ýerli saglyk edaralarynda, soňra şäher we welaýat derejesinde jemlenýär hem-de döwlet derejesindäki hasabata girizilýär.

Bu tertip Türkmenistanyň Sanitariýa kodeksine, ýokanç keselleriň öňüni almak hakyndaky kanuna we "Saglyk" döwlet maksatnamasyna laýyklykda işlenip düzüldi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýady we tehniki enjamlaşdyrylyşy döwrebaplaşdyrylar

24 Okt. 12:11

Çeşme

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hakynda degişli Karara gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň mälim etmegine görä, bu resminama ýurduň gaz senagaty toplumynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli ýokary götermäge we pudagyň tehniki mümkinçiliklerini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Häzirki wagtda döwlet konserniniň önümçilik desgalaryny täzeden enjamlaşdyrmak we tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň göwrümli çäreler bellenilen tertipde alnyp barylýar. Amala aşyrylýan bu toplumlaýyn adimler tebigy gazy gazyp almagyň hem-de gaýtadan işlemegiň göwrümini artdyrmak bilen bir hatarda, içerki we daşarky sarp edijileri mawy ýangyç bilen bökdençsiz hem-da durnukly üpjün etmäge şert döredýär.

Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, degişli wise-premýer Guwanç Agajanowa konserniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan ähli işleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Pudagy kämilleşdirmekde dünýäniň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga aýratyn üns beriler.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌