Oýun sanawy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginde britan AQA guramasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

19 Sen. 11:25

Çeşme

Sentýabr aýynyň 18-ne Türkmenistanyň Bilim ministrliginde AQA Global Assessment Services atly britan guramasynyň wekilleri bilen resmi duşuşyk geçirildi. Delegasiýa düzümine halkara işewürligi ösdürmek boýunça direktor Şon Krouli, baha bermek ulgamlary boýunça direktor hanym Anna Grin we sebit boýunça geňeşçi Wali Guseýin girdiler.

Duşuşykda bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew Türkmenistanda AQA bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly gyzyklanma bildirýändiklerini we bilim hilini ýokarlandyrmak maksady bilen okuw netijelerine häzirki zaman baha bermek usullarynyň ornaşdyrylmagynyň möhümdigini belledi.

Gepleşikleriň dowamynda aşakdaky ugurlara aýratyn üns berildi:

  • talyplaryň jemleýji attestasiýa ulgamynyň kämilleşdirilmegi;

  • bilim netijeleriniň zähmet bazarynyň talaplaryna laýyk getirilmegi.

AQA guramasy dünýäniň birnäçe ýurtlarynda, şol sanda Merkezi Aziýada hem üstünlikli taslamalary durmuşa geçiren gurama hökmünde tanalýar. Onuň alyp barýan iş ugurlaryna girýär:

  • milli attestasiýa ulgamlarynyň ornaşdyrylmagy;

  • hünär standartlarynyň standartlaşdyrylmagy boýunça özgertmelere goldaw;

  • ekzamen ulgamlarynyň sanlylaşdyrylmagy;

  • bilim syýasaty boýunça hökümetlere metodiki goldaw bermek.

Duşuşykda halkara ülňülere laýyklykda bilim ulgamynyň meýilleşdirilmegi we seljerilmegi bilen baglanyşykly usulyýetler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Magtymguly adyndaky TDU-da görnükli ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň 120 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi

Bugün 07:13

Çeşme

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde görnükli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli «Ýagşyny ýatlap...» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Uniwersitetiň resmi internet saýtynda habar berlişi ýaly, çäre ýazyjynyň baý edebi mirasyny wagyz etmäge hem-da «Şükür bagşy» filmininde baş keşbi janlandyran tehniki ylymlaryň doktory, professor, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Amandurdy Handurdyýewiň ýagty ýadygärligini hatyralamaga bagyşlandy. Duşuşyga Ylymlar akademiýasynyň alymlary, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Döredijilik çäresiniň dowamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri we alymlary Nurmyrat Saryhanowyň döredijilik ussatlygy hem-da eserleriniň golýazma mirasy barada çykyş etdiler. Şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda TDU-da mugallymçylyk eden professor Amandurdy Handurdyýewiň milli kino sungatyna we ylym älemine goşan uly goşandy aýratyn nygtaldy.

Sazlaşykly geçen duşuşykda türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary «Şükür bagşy» powesti esasynda edebi-sazly kompozisiýany ham-da «Gün hakynda ballada» atly çeper okaýşy köpçülige hödürlediler. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň dutarçylary tarapyndan meşhur filmden mukamlar ýerine ýetirilip, çäre gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌