Oýun sanawy

Young Turkmen Artist Wins Grand Prix at TURKSOY Competition

20 Awgust. 05:41

Çeşme

2025-nji ýylyň türki dünýäniň medeni paýtagty diýlip yglan edilen Gazagystanyň Aktau şäherinde türki halklaryň çagalarynyň däp bolan oýunlaryna bagyşlanan halkara ýaş suratkeşler bäsleşiginiň baýrak gowşurylyş dabarasy geçirildi diýip, ussatnews.com habar berýär.

Bäsleşigiň baş baýragy — Gran-pri — Türkmenistandan gatnaşyjy ýaş suratkeş Bibinamat Aşyrowa gowuşdy. Türkmenistanly beýleki gatnaşyjylar hem ýeňijileriň hatarynda boldy: Aýsel Semenderowa ikinji orny, Wepa Geldimuhammedow bolsa üçünji orny eýeledi.

Ýeňijilere TÝÜRKSOÝ guramasy we Aktau şäher häkimiýeti tarapyndan diplomlar hem-de gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Bäsleşige alty ýurtdan gelen ýaş suratkeşler tarapyndan takmynan 2000 çeper iş tabşyryldy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Mary welaýatynda ýylda 50 müň tonna önüm öndürmäge ukyply täze süýt gaýtadan işleýän kärhana dabaraly açyldy

26 Okt. 10:04

Çeşme

Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze Oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap önümçilik toplumy dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyna ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, senagat kärhanalarynyň hünärmenleri, talyplar ham-da hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Bu döwrebap toplum sebitiň azyk senagaty kuwwatyny ep-esli artdyrmaga uly goşant goşar.

Täze zawodyň gurluşyk işleri hususy telekeçi Guwançmyrat Orazowa hemişelik ulanmak üçin bölünüp berlen 3,5 gektar meýdanda alnyp baryldy. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde ýurduň öňdebaryjy «Täze Aý Önümleri» hojalyk jemgyýeti çykyş etdi, alnyp barylan gurluşyk işleri bolsa Türkiýe Respublikasynyň ýöriteleşdirilen kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyrylan metal gurluşlar we kämil materiallar bilen üpjün edildi.

Kärhana iň döwrebap tehnologik liniýalar, önümçilik sehler hem-da barlaghana-gözegçilik bölümleri bilen doly üpjün edilendir. Bu ýokary tehnologik enjamlar köp görnüşli süýt we gatyk önümlerini öndürmäge, amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümleriň peýdaly häsiýetlerini saklamak bilen olaryň saklanyş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýär. Desganyň ulanyşa girizilmegi içerki bazary ýerli önümler bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-da sebitde täze iş orunlaryny döretmäge şert döredýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌