Oýun sanawy

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryna ýubileý medallaryny gowşurdy

28 Sen. 05:32

Çeşme

Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaraly harby ýöriş tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmen döwlet habarlar gullugy (TDH) habar berýär.

Dabaranyň barşynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa döwlet Baştutanynyň degişli Permanyny okady. Soňra Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryna «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny we degişli şahadatnamalary dabaraly ýagdaýda gowşurdy.

Döwlet Baştutanymyz mukaddes Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli dabaraly harby ýörişiň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilendigini belledi hem-de harby gullukçylary döwlet sylaglary we mukaddes Garaşsyzlygyň şanly 35 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Mary welaýatynda ýylda 50 müň tonna önüm öndürmäge ukyply täze süýt gaýtadan işleýän kärhana dabaraly açyldy

26 Okt. 10:04

Çeşme

Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze Oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap önümçilik toplumy dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyna ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, senagat kärhanalarynyň hünärmenleri, talyplar ham-da hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Bu döwrebap toplum sebitiň azyk senagaty kuwwatyny ep-esli artdyrmaga uly goşant goşar.

Täze zawodyň gurluşyk işleri hususy telekeçi Guwançmyrat Orazowa hemişelik ulanmak üçin bölünüp berlen 3,5 gektar meýdanda alnyp baryldy. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde ýurduň öňdebaryjy «Täze Aý Önümleri» hojalyk jemgyýeti çykyş etdi, alnyp barylan gurluşyk işleri bolsa Türkiýe Respublikasynyň ýöriteleşdirilen kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyrylan metal gurluşlar we kämil materiallar bilen üpjün edildi.

Kärhana iň döwrebap tehnologik liniýalar, önümçilik sehler hem-da barlaghana-gözegçilik bölümleri bilen doly üpjün edilendir. Bu ýokary tehnologik enjamlar köp görnüşli süýt we gatyk önümlerini öndürmäge, amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümleriň peýdaly häsiýetlerini saklamak bilen olaryň saklanyş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýär. Desganyň ulanyşa girizilmegi içerki bazary ýerli önümler bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-da sebitde täze iş orunlaryny döretmäge şert döredýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌