Oýun sanawy

Türkmen para güýç göterijileri Müsürde geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşar

05 Okt. 12:37

Çeşme

Türkmenistanyň milli ýygyndysy 2025-nji ýylyň iň möhüm halkara ýaryşlarynyň biri bolan para güýç göteriş boýunça dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin Müsür döwletiniň paýtagty Kaire ugrady.

11–18 oktýabr aralygynda geçiriljek bu iri sport çäresine Türkmenistanyň adyndan 8 türgen gatnaşyp, dürli agram derejelerinde çykyş eder.

Ýaryşa 71 ýurtdan jemi 542 paraatlet gatnaşar, şeýle hem 25 sany bitarap türgen çykyş eder. Gatnaşyjylaryň arasynda 314 erkek we 228 zenan bar. Bäsleşikler halkara ülňülere laýyklykda enjamlaşdyrylan döwrebap sport desgalarynda geçiriler we ähli resmi agram derejesini öz içine alar.

Türkmen türgenleriniň bu ýaryşa gatnaşmagy, olaryň Paralimpiýa oýunlaryna we beýleki halkara ýaryşlara taýýarlygynyň möhüm bölegi bolup durýar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

UFC 336 ýaryşynda Karlos Prates bilen Maýkl Moralesiň arasyndaky söweş Islam Mahaçewiň indiki garşydaşyny kesgitlär

26 Okt. 11:00

Çeşme

UFC guramasynyň ýarym orta agram derejesindäki çempiony Islam Mahaçewiň indiki garşydaşy 2027-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda Torontoda geçiriljek «UFC 336» turnirinde belli bolar. Reýtingde ikinji we üçünji orunlary eýeleýän braziliýaly Karlos Prates bilen ekwadorly Maýkl Moralesiň arasyndaky duşuşykda diňe bir çempionlyk söweşine çykmak hukugy däl, eýsem ýarym orta agram derejesindäki wagtlaýyn çempionlyk guşagy hem orta goýlar. Mahaçewiň ozaokky söweşi awgust aýynda bolup geçipdi we ol irlandiýaly Ian Gerri ýeňip, ozal ýeňil agramda eýelän üstünliklerinden soň täze agramda hem öz titulyny goramagy başarypdy.

UFC-niň ýolbaşçysy Dana Waýtyň bellemegine görä, gurama Mahaçewiň söweşini 2027-nji ýylyň ýanwarynda geçirmegi meýilleşdiripdi, emma russiýaly çempion 8-nji fewraldan 8-nji marta çenli dowam etjek Remezan aýy tamamlanýança oktagona çykmakdan ýüz öwrdi. Çempionyň çykyşlarynda arakesme boljakdygy sebäpli, gurama Prates bilen Moralesiň duşuşygyny wagtlaýyn çempionlyk söweşi derejesine göterdi. Söweşijileriň ikisi hem ýokary netijeleri görkezýärler: Prates yzly-yzyna üç gezek Jeff Nil, Leon Eduards we Jek Della Maddalena ýaly garşydaşlaryny nokauta giden bolsa, Maýkl Morales UFC-de 7 duşuşykda ýeňilmän кеlýär.

Şeýle hem Torontoda geçiriljek «UFC 336» turniriniň çäklerinde guramanyň iň ýeňil agram derejesindäki häzirki çempiony Joşua Wan öz çempionlyk guşagyny goramak üçin oktagona dolanar. Mýanmaly söweşiji çempionlyk ugrundaky duşuşykda Angolada doglan we Portugaliýa wekilçilik edýän Manel Kape bilen güýç synanyşar. Bu giň göwrümli söweş agşamy halkara sport janköyerleriniň uly sabyrsyzlygy bilen garaşýan bäsleşikleriniň birine öwrer.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌