Oýun sanawy

Eýranyň ilçisi Türkmenistanyň beren ynsanperwer goldawy üçin hoşallyk bildirdi

17 Mart. 06:57

Çeşme

Eýranyň Aşgabatdaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani Türkmenistanyň beren ynsanperwer kömegini ýokary bahalap, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň aýratyn ähmiýetini belläp geçdi.

Ilçi ilçihanada geçirilen duşuşykda çykyş edip, Türkmenistanyň Eýran üçin sebitde iň ygtybarly we möhüm hyzmatdaşlaryň biri bolup durýandygyny aýtdy. Onuň bellemegine görä, hyzmatdaşlyk gatnaşyklary durnukly we netijeli häsiýete eýedir.

Şeýle hem diplomat iki döwletiň arasynda takmynan 1200 kilometrlik serhediň bardygyny we şol ýerde dört sany esasy geçelgäniň işleýändigini nygtady. Bu geçelgeleriň diňe bir ikitaraplaýyn däl, eýsem halkara ulag we söwda ulgamynda hem möhüm orun eýeleýändigi aýratyn bellenildi.

Ruzbehani Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky eýran raýatlarynyň Watana dolanmagyna goşan goşandyny hem aýratyn nygtady. Onuň sözlerine görä, goňşy ýurtlar bu ugurda iň amatly ýol bolup hyzmat edýär we Türkmenistan bu babatda möhüm goldaw berdi.

Diplomat iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýandygyny, dürli ugurlarda hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändigini aýtdy. Şeýle hem serhet geçelgeleriniň kadaly işlemegi üçin degişli çäreleriň görülýändigini belläp geçdi.

Mundan öň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň üsti bilen Eýran halkyna, esasan-da çagalara ynsanperwer kömegi iberilipdi. Bu kömegiň iberilmegi Serdar Berdimuhamedow tarapyndan berlen tabşyryga laýyklykda amala aşyrylyp, onuň düzümine derman serişdeleri, lukmançylyk önümleri we beýleki zerur harytlar girizildi.

















Türkmenistanyň Daşary işler ministri GDA-nyň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirdi

10 Sen. 12:42

Çeşme

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 111-nji mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Arkalaşykdaky başlyklygynyň ileri tutulýan ugurlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek hem-de GDA-nyň çäklerinde amaly hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini maslahatlaşdylar.

Duşuşykda 2026-njy ýylyň 7-nji we 9-njy oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň we Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlislerine taýýarlyk hem-de olaryň guramaçylyk meselelerine aýratyn üns berildi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda taraplar köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin bilelikdäki amaly işleri dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.