Oýun sanawy


Maý aýynyň başynda paýtagtymyzda küşt boýunça ýurdumyzyň iň güýçli ussatlarynyň gatnaşmagynda Gran-pri ýaryşlarynyň «Aşgabat» tapgyry geçiriler. Türkmenistanyň Küşt federasiýasy tarapyndan guralýan bu abraýly bäsleşik ýurtda intellektual sportuň derejesini ýokarlandyrmaga we täze zehinleri ýüze çykarmaga gönükdirilendir. Ýaryş 3-nji maýda öz işine başlap, sekizinji maýa çenli dowam eder.
Bäsleşikler Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen küşt-şaşka mekdebiniň binasynda geçiriler. Bu ýerde ussatlyk derejesine ýeten küştçüler özara bäsleşip, tapgyryň iň gowularyny anyklarlar. Ýaryşyň eminligini FIDE-niň emini Serdar Annaberdiýew we milli derejeli emin Aýgül Saryýewa ýaly tejribeli hünärmenler alyp bararlar.
Federasiýa tarapyndan «Aşgabat» tapgyry üçin 10 000 manat möçberinde baýrak gaznasy bellenildi. Ýaryşyň guralyşy we sylaglamalar bilen bagly ähli çykdajylar Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň hasabyna amala aşyrylar. Bu bolsa türkmen küştçüleriniň halkara kadalaryna laýyk gelýän ýokary şertlerde oýnamagyna mümkinçilik döreder.
Ýaryşa gatnaşmak isleýän küştçüler 26-njy apreliň sagat 18:00-na çenli hasaba durmalydyrlar. Hasaba alyş işleri sanly ulgam arkaly ýöriteleşdirilen internet salgysynda (https://bit.ly/granpriashgabat2026) alnyp barylýar. Ýerli küştçüler üçin bu Gran-pri tapgyry öz ussatlyklaryny subut etmek we gymmat bahaly baýraklara mynasyp bolmak üçin amatly mümkinçilikdir.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň U15 futbol ýygyndysy Bakuda geçirilýän FIFA festiwalynda ilkinji ýeňişlerini gazandy
Bugün 06:20Türkmenistanyň 15 ýaşa çenli (U15) ýetginjekler ýygyndysy Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde geçirilýän FIFA-nyň bütindünýä festiwalynda we dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş edýär. Ýurdumyzyň ýetginjek futbolçylary L toparçada Gonkongyň ýygyndysyny 2:1 hasabynda hem-de Kuk adalarynyň toparyny 3:1 hasabynda ýeňmegi başardylar. Toparyň düzüminde Artýom Çernow 3 gol geçirip, iň netijeli hüjümçi boldy. Şeýle hem Guwanç Artykow, Serdar Agaýew we Zehnetdin Şarafatdinow hersi bir gezek tapawutlandylar.
Geçirilen duşuşyklarda türkmen futbolçylary Italiýanyň (1:5) we Kataryň (0:4) güýçli ýygyndylaryna ýeňilen hem bolsalar, geçiren 4 oýnundan soň 6 utuk toplap, toparçada üçünji orny eýelediler. Deslapky Tapgyryň soňky duşuşygyny milli ýygyndymyz 26-njy oktýabrda Beniniň toparçasy bilen geçirýär. Bakuwdaky bäsleşige baş tälimçi Aziz Kambarowyň we onuň kömekçisi Dawid Sarkisowyň ýolbaşçylygynda ham-da kapitan Şamyrat Namraýewiň serdarlygynda jemi 14 sany ýaş futbolçy ugradyldy.
Halkara ýaryşyň düzgünlerine laýyklykda, oýunlar kiçeldilen meýdançalarda 8×8 görnüşinde amala aşyrylyp, duşuşyklar 20 minutlyk iki taýmdan ybaratdyr. Deslapky tapgyrdan soň toparlar eýelän orunlaryna görä pleý-off diwizionlaryna бölünýärler we ýaryşyň dowamynda her bir ýygyndy jemi 10 oýun geçirer. Bu halkara turnir Türkmenistanyň ýaş futbolçylary üçin uly halkara tejribe we amaly mekdep öwrülýär.