Oýun sanawy
Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisinde hyzmatdaşlygy giňeldýär
23 Sen. 08:112025-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Nýu-Ýork şäherinde geçirilýän BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň ýokary wezipeli wekilleri bilen birnäçe duşuşyk geçirdi.
Ilkinji duşuşykda Türkmenistanyň BMG hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Aýratyn üns 2025-nji ýylyň awgustynda Hazaryň kenaryndaky Awaza syýahatçylyk zolagynda geçirilen Deňiz çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça BMG-niň Üçünji maslahatynyň (LLDC3) netijelerine gönükdirildi.
Taraplar Awaza Syýasy Jarnamasy hem-de 2024–2034-nji ýyllar üçin Hereketler Meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegi boýunça amala aşyryljak çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň wekiliýeti hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmegine we bu ugurda bilelikdäki çäreleriň geçirilmegine taýýardygyny beýan etdi.
Ikinji duşuşykda Raşid Meredow BMG-niň syýasy we parahatçylyk gurmak meseleleri boýunça Baş sekretarynyň orunbasary Rozmari Dikarlo bilen duşuşyp, howpsuzlyk we parahatçylygyň üpjün edilmegi babatda hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy.
Duşuşykda öňüni alyş diplomatiýasy, şeýle hem Merkezi Aziýa üçin BMG-niň Sebitleýin merkeziň ähmiýeti aýratyn nygtaldy. Şeýle-de, Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň halkara durnuklylygyny üpjün etmekdäki orny, Parahatçylyk we ynam ýylynyň yglan edilmegi hem-de BMG-niň gün tertibine “Bitaraplyk – parahatçylyk we howpsuzlyk ugrunda” atly meseleleriň goşulmagy bilen baglanyşykly başlangyçlary giňden ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar ähli ugurlarda hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmegine taýýardyklaryny tassykladylar.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň ylmy wekiliýeti Baku şäherinde geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar
10 Sen. 10:48Türkmen wekiliýeti Birinji türkologiýa sýezdiniň 100 ýyllyk baýramyna bagyşlanyp Azerbaýjanda geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar. Bu abraýly bilim forumy 9-njy sentýabrda öz işine başlady diýip «AZERTAJ» agentligi habar berýär.
Bu çäre Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasy we Folklor instituty tarapyndan guramaçylykly geçirilib, oňa TİKA hem-de TÜRKSOÝ ýaly halkara guramalar goldaw berýär. Maslahata Türkmenistan bilen bir hatarda Türkiýeden, Gazagystandan, Ýaponiýadan, Germaniýadan we beýleki onlarça ýurtdan wekiller gatnaşýarlar.
Halkara çäräniň gidişinde Ýewraziýa sebitiniň taryhy we medeni ösüşinde möhüm orun eýeleýän Altaý halklarynyň siwilizasiýa mirasy, taryhy hem-de medeniýeti barada giňişleýin pikir alşylýar.
Dört güne niýetlenen bu simpoziumyň çäklerinde dünýäniň 15 ýurdundan gelen alymlaryň we hünärmenleriň 121 sany ylmy hasabaty diňleniler.
Şeýle hem okanyň