Oýun sanawy


Şu gün Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda oba hojalygyň iň jogapkärli möwsümleriniň biri bolan gowaça ekişine girişilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň Ministrler Kabinetiniň 20-nji martda geçirilen mejlisinde ak pata bermegi bilen, ýurduň gallaçy we pagtaçy daýhanlary täze hasyl ýylynyň düýbüni tutmaga başladylar. «Türkmenistan» gazetiniň habar bermegine görä, bu möwsüm ýurduň azyk we dokma senagatynyň çig mal binýadyny berkitmekde strategik ähmiýete eýedir.
Ekiş möwsüminde her bir sebitiň toprak-howa şertlerine uýgunlaşan ýokary hasylly gowaça sortlarynyň saýlanyp alynmagyna aýratyn üns berildi. Ahal welaýatynda «Ýolöten — 7», «Ýolöten — 39» we «Jeýhun» ýaly orta süýümli sortlar bilen bir hatarda, gymmatly inçe süýümli «Ýolöten — 14» sorty ekiler. Balkan welaýatynda bolsa esasan «Ýolöten — 7» we «Jeýhun» görnüşlerine artykmaçlyk berildi.
Demirgazyk sebit bolan Daşoguz welaýatynda ýerli şertlere çydamly «Daşoguz — 114», «Daşoguz — 120» we «F — 149» sortlarynyň ekilmegi meýilleşdirilýär. Gündogar sebitde — Lebap welaýatynda bolsa «Ýolöten — 53», «S — 2606» we «Garaşsyzlyk — 30» ýaly sortlar ak altyn harmanyna öz goşandyny goşar. Mary welaýatynda bolsa sortlaryň iň giň görnüşi, şol sanda «TOHU — 17» we inçe süýümli sortlar toprak bilen duşuşar.
Döwrebap tehnikalaryň we sanly ulgamlaryň kömegi bilen ekiş işleriniň gysga möhletde we ýokary hilli geçirilmegi maksat edinilýär. Daýhanlaryň öňünde duran esasy wezipe, agrotehnikanyň talaplaryny gyşyksyz berjaý edip, ak altynyň bol hasylyny ýetişdirmekdir. Bu möwsüm Türkmenistanyň oba hojalyk syýasatynyň dabaralanmagynyň we oba zähmetkeşleriniň agzybirliginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüler.
Şeýle hem okanyň


Magtymguly adyndaky TDU-da görnükli ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň 120 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi
Bugün 07:13Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde görnükli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli «Ýagşyny ýatlap...» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Uniwersitetiň resmi internet saýtynda habar berlişi ýaly, çäre ýazyjynyň baý edebi mirasyny wagyz etmäge hem-da «Şükür bagşy» filmininde baş keşbi janlandyran tehniki ylymlaryň doktory, professor, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Amandurdy Handurdyýewiň ýagty ýadygärligini hatyralamaga bagyşlandy. Duşuşyga Ylymlar akademiýasynyň alymlary, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Döredijilik çäresiniň dowamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri we alymlary Nurmyrat Saryhanowyň döredijilik ussatlygy hem-da eserleriniň golýazma mirasy barada çykyş etdiler. Şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda TDU-da mugallymçylyk eden professor Amandurdy Handurdyýewiň milli kino sungatyna we ylym älemine goşan uly goşandy aýratyn nygtaldy.
Sazlaşykly geçen duşuşykda türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary «Şükür bagşy» powesti esasynda edebi-sazly kompozisiýany ham-da «Gün hakynda ballada» atly çeper okaýşy köpçülige hödürlediler. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň dutarçylary tarapyndan meşhur filmden mukamlar ýerine ýetirilip, çäre gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.