Oýun sanawy

Türkmenistan bilen Türkiýäniň ÝUNESKO arkaly hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

18 Sen. 07:00

Çeşme

Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Beýşimowa Türkiýäniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demirok bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm ugurlary hem-de birek-birege gyzyklanma döredýän meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygy aýratyn belläp geçdiler.
ÝUNESKO-nyň çägindäki hyzmatdaşlyk aýratyn üns merkezinde boldy. Taraplar milli däp-dessurlarymyzy we maddy däl medeni mirasy gorap saklamakda hem-de wagyz etmekde hyzmatdaşlygyň ähmiýetini nygtadylar diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

















Türkmenistanyň Daşary işler ministri GDA-nyň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirdi

10 Sen. 12:42

Çeşme

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 111-nji mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Arkalaşykdaky başlyklygynyň ileri tutulýan ugurlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek hem-de GDA-nyň çäklerinde amaly hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini maslahatlaşdylar.

Duşuşykda 2026-njy ýylyň 7-nji we 9-njy oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň we Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlislerine taýýarlyk hem-de olaryň guramaçylyk meselelerine aýratyn üns berildi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda taraplar köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin bilelikdäki amaly işleri dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.