Oýun sanawy


Türkmen okuwçylary Londonda geçen «IWISE Global Final 2026» bäsleşiginde 10 medal gazandylar
09 Awgust. 14:25Türkmenistanyň mekdep okuwçylary 2026-njy ýylyň 2 — 7-nji awgusty aralygynda Beýik Britaniýanyň London şäherinde geçirilen «IWISE Global Final London 2026» halkara bäsleşiginde uly üstünlik gazanyp, jemi 10 medal — 6 altyn we 4 kümüş medal eýelediler. Dünýäniň 25 ýurdundan gelen okuwçylaryň gatnaşan bu abraýly bäsleşiginde Türkmenistana 10 sany mekdep okuwçysy wekilçilik etdi.
Topara Arkadag şäheriniň 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň informatika mugallymy Myrat Sähetgulyýew hem-de Aşgabat şäheriniň dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiniň taryh mugallymy Goçmyrat Baýramow ýolbaşçylyk etdi. Okuwçylar robototehnikanyň «Line follower robot», «Maze solving robot» we «Mini-sumo robot» ugurlary boýunça bäsleşdiler.
Altyn medallara Resulberdi Orazberdiýew, Salyh Kakalyýew, Resul Geldiýew (Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebi), Selim Begmuradow (Aşgabat şäheriniň 7-nji orta mekdebi), Nurmyrat Kulow (Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 87-nji orta mekdebi) hem-de Malikmyrat Annamuradow (Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebi) mynasyp boldular. Kümüş medallary bolsa Salyh Altyýew (Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebi), Rozymyrat Ýagşymyradow (Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 13-nji orta mekdebi), Ebubekir Berdiýew (Arkadag şäheriniň ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebi) we Umyt Atamyradow (Arkadag şäheriniň ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebi) gazandylar.
Bäsleşikde öňe çykan bäş sany türkmen gatnaşyjysy aýratyn tapawutlanyp, «Best of the Best» diýen belent ada hem-de ýörite pul baýraklaryna eýe boldular.
Şeýle hem okanyň


Magtymguly adyndaky TDU-da görnükli ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň 120 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi
Bugün 07:13Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde görnükli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli «Ýagşyny ýatlap...» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Uniwersitetiň resmi internet saýtynda habar berlişi ýaly, çäre ýazyjynyň baý edebi mirasyny wagyz etmäge hem-da «Şükür bagşy» filmininde baş keşbi janlandyran tehniki ylymlaryň doktory, professor, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Amandurdy Handurdyýewiň ýagty ýadygärligini hatyralamaga bagyşlandy. Duşuşyga Ylymlar akademiýasynyň alymlary, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Döredijilik çäresiniň dowamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri we alymlary Nurmyrat Saryhanowyň döredijilik ussatlygy hem-da eserleriniň golýazma mirasy barada çykyş etdiler. Şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda TDU-da mugallymçylyk eden professor Amandurdy Handurdyýewiň milli kino sungatyna we ylym älemine goşan uly goşandy aýratyn nygtaldy.
Sazlaşykly geçen duşuşykda türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary «Şükür bagşy» powesti esasynda edebi-sazly kompozisiýany ham-da «Gün hakynda ballada» atly çeper okaýşy köpçülige hödürlediler. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň dutarçylary tarapyndan meşhur filmden mukamlar ýerine ýetirilip, çäre gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.