Oýun sanawy


Türkmen talyplary Rumyniýanyň öňdebaryjy uniwersitetinde tejribe toplaýarlar
14 Iýul. 12:15Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyplary üçin Rumyniýanyň Kluj-Napoka şäheriniň Tehniki uniwersitetinde guralan tomusky tejribelik sapary şowly dowam edýär. Erasmus halkara maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrylýan bu taslama ýokary okuw mekdebiniň 15 talybyny we olara ýolbaşçylyk edýän iki sany mugallymy bir ýere jemledi. Iki taraplaýyn bilim hyzmatdaşlygynyň has-da berkeýändigini görkezýän bu sapar eýýäm üçünji gezek guralyp, taraplaryň özara gatnaşyklara yzygiderli we strategik taýdan çemeleşýändigini subut edýär.
Kluj-Napoka şäheriniň Tehniki uniwersitetiniň wekilleri bu hyzmatdaşlygyň iki tarap üçin hem örän ähmiýetlidigini aýratyn belleýärler. Programmanyň hünärmenleriniň pikiriçe, şeýle tejribelikler talyplara we mugallymlara diňe bir tanyşlyk däl, eýsem döwrebap önümçilik proseslerini, täze tehnologiki innowasiýalary hem-de halkara iş tejribesini ýerinde öwrenmäge ajaýyp mümkinçilik berýär. Bu bolsa talyplaryň Aşgabatda alan nazary bilimlerini iş ýüzünde we halkara derejede barlap görmeklerine ýardam edýär.
Ýewropaly hünärmenler Aşgabatda ýerleşýän bu abraýly institut bilen alnyp barylýan ygtybarly we dowamly hyzmatdaşlyga örän ýokary baha berýärler. Geljekde hem gatnaşyklaryň gerimini has-da giňeltmäge we Türkmenistandan has köp sanda talyplary, professor-mugallymlary we alymlary öz uniwersitetlerinde garşylamaga garaşýandyklaryny uly höwes bilen mälim edýärler.
Kemal WELMÄMMEDOW, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby
Şeýle hem okanyň


Magtymguly adyndaky TDU-da görnükli ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň 120 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi
Bugün 07:13Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde görnükli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli «Ýagşyny ýatlap...» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Uniwersitetiň resmi internet saýtynda habar berlişi ýaly, çäre ýazyjynyň baý edebi mirasyny wagyz etmäge hem-da «Şükür bagşy» filmininde baş keşbi janlandyran tehniki ylymlaryň doktory, professor, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Amandurdy Handurdyýewiň ýagty ýadygärligini hatyralamaga bagyşlandy. Duşuşyga Ylymlar akademiýasynyň alymlary, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Döredijilik çäresiniň dowamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri we alymlary Nurmyrat Saryhanowyň döredijilik ussatlygy hem-da eserleriniň golýazma mirasy barada çykyş etdiler. Şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda TDU-da mugallymçylyk eden professor Amandurdy Handurdyýewiň milli kino sungatyna we ylym älemine goşan uly goşandy aýratyn nygtaldy.
Sazlaşykly geçen duşuşykda türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary «Şükür bagşy» powesti esasynda edebi-sazly kompozisiýany ham-da «Gün hakynda ballada» atly çeper okaýşy köpçülige hödürlediler. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň dutarçylary tarapyndan meşhur filmden mukamlar ýerine ýetirilip, çäre gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.