Oýun sanawy

Aşgabatda Ylymlar güni mynasybetli halkara maslahat we innowasion sergi öz işine başlady

13 Iýun. 11:20

Çeşme

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Ylymlar güni mynasybetli guralan «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly iki günlük halkara ylmy maslahatyň açylyş dabarasy boldy. Utgaşykly (gibrid) görnüşde geçirilýän bu çäre sanly ulgama esaslanýan ylmy gözlegleriň netijelerini seljermek we daşary ýurtlaryň öňdebaryjy ylym merkezleri bilen hyzmatdaşlygy täze derejelere çykarmak üçin möhüm meýdança boldy.

Forumyň resmi böleginiň öňüsyrasynda gatnaşyjylar ýurduň ylym we bilim edaralarynyň gazanan sepgitlerini görkezýän täze tehnologiýalaryň innowasion sergisi bilen tanyşdylar. Maslahatyň umumy mejlisiniň başynda Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşyjylara iberen Gutlag haty dabaraly ýagdaýda okaldy. Duşuşykda Azerbaýjanyň, Russiýanyň, Hytaýyň, Italiýanyň, Günorta Koreýanyň, Türkiýäniň, Müsüriň, Özbegistanyň we Belarusyň Ylymlar akademiýalarynyň hem-de uniwersitetleriniň ýolbaşçylary çykyş etdiler.

Gepleşikleriň dowamynda himiýa, oba hojalygy, seýsmologiýa we ekologiýa ugurlary boýunça amala aşyrylýan bilelikdäki ylmy taslamalara seredildi. Medeni-ynsanperwer ulgamda Magtymguly Pyragynyň we Nyzamy Genjewiniň edebi mirasyny öwrenmek, şeýle hem TÜRKTAV gaznasynyň goldamagynda sebitiň biodürlüligini goramak we seýrek taryhy çeşmeleri sanly ulgama geçirmek boýunça alnyp barylýan işleriň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

Çäräniň çäklerinde maslahata gatnaşyjylar ýaşlaryň arasyndaky ylmy işler boýunça bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyna hem-de baýramçylyk konsertine gatnaşdylar. Halkara ylmy maslahat öz işini paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda aýratyn bölümçelerde dowam etdirer. Daşary ýurtly myhmanlar üçin ýurduň alymlary we talyplary bilen ýörite duşuşyklar hem-de medeni maksatnamalar guralar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Magtymguly adyndaky TDU-da görnükli ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň 120 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi

Bugün 07:13

Çeşme

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde görnükli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli «Ýagşyny ýatlap...» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Uniwersitetiň resmi internet saýtynda habar berlişi ýaly, çäre ýazyjynyň baý edebi mirasyny wagyz etmäge hem-da «Şükür bagşy» filmininde baş keşbi janlandyran tehniki ylymlaryň doktory, professor, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Amandurdy Handurdyýewiň ýagty ýadygärligini hatyralamaga bagyşlandy. Duşuşyga Ylymlar akademiýasynyň alymlary, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Döredijilik çäresiniň dowamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri we alymlary Nurmyrat Saryhanowyň döredijilik ussatlygy hem-da eserleriniň golýazma mirasy barada çykyş etdiler. Şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda TDU-da mugallymçylyk eden professor Amandurdy Handurdyýewiň milli kino sungatyna we ylym älemine goşan uly goşandy aýratyn nygtaldy.

Sazlaşykly geçen duşuşykda türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary «Şükür bagşy» powesti esasynda edebi-sazly kompozisiýany ham-da «Gün hakynda ballada» atly çeper okaýşy köpçülige hödürlediler. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň dutarçylary tarapyndan meşhur filmden mukamlar ýerine ýetirilip, çäre gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌