Oýun sanawy

02 Awgust. 05:39

Türkmenistanyň futbolynyň uly geljegi bar – FIFA-nyň eksperti

Türkmenistanyň futbolynyň uly geljegi bar diýip, FIFA-nyň tehniki eksperti Swetlana Kaşuba aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

Aşgabatda "C" kategoriýasyndaky tälimçileri taýýarlamak boýunça okuw kurslary başlandy. Okuw programmasy 6 ýaşdan 12 ýaşa çenli çagalara tälim bermäge hukuk berýän ýörite ygtyýarnamany almak üçin niýetlenendir. Bu okuwlara FIFA-nyň tehniki ekspertleri Swetlana Kaşuba we Rowşan Meredow gözegçilik edýärler.

"Men Türkmenistanyň futbolynyň uly geljegi bardyr diýip hasap edýärin. Uly üstünlikler üçin wagt gerek" diýip, Kaşuba FFT-niň metbugat gullugyna beren gürrüňinde aýtdy.

Türkmenistanyň çäginde ilkinji gezek bolandygyny aýdyp, ekspert ýurtdaky ýokary infrastruktura we uly stadionlaryň bardygyna haýran galandygyny belledi. "Soňky ýyllarda Türkmenistanyň futbolynyň ösýändigi aýdyň duýulýar, sebäbi futbola ýolbaşçylyk edýän hünärmenler tejribeli" diýip, ol aýtdy.

Ýaş türkmen futbolçylaryna we tälimçilerine Kaşuba futboly söýmegi, kynçylyklardan gorkmazlygy, fiziki ýagdaýlaryny ýokary derejede saklamagy we oýundan lezzet almagy maslahat berdi. "Şonda üstünlik siziň bilen bolar" diýip, FIFA-nyň tehniki eksperti belledi.

Iň köp görülen

31 Okt. 13:25

«Ahalyň» futbolçylary Eýranda mähirli garşylanyldy

Çeşme

Türkmenistanyň «Ahal» futbol kluby Eýranyň Ysfahan şäherine AFC Çempionlar ligasy-2-niň toparlaýyn tapgyrynyň dördünji oýnunda ýerli «Sepahan» toparyna garşy çykyş etmek üçin geldi diýip, klubyň metbugat gullugy habar berýär.

«Bu gün „Ahal“ toparynyň wekiliýeti Eýran Yslam Respublikasynyň Ysfahan şäherinde „Sepahan“ toparynyň wekilleri tarapyndan mähirli garşylanyldy. Biz garşy alyjy topara hoşniýetli garşylawlary üçin minnetdarlyk bildirýäris» diýlip, beýanatda aýdylýar.

Oýun noýabr aýynyň 4-ne geçiriler, başlanjak wagty — Aşgabat wagty bilen sagat 19:30. Bu toparlar öňem duşuşypdylar — üçünji tapgyrda «Sepahan» 1:0 hasabynda ýeňiş gazanypdy. Şol duşuşyk hem Aziýa futbol konfederasiýasynyň (AFC) karary boýunça Ysfahanda geçirilipdi. Ilkibaşda oýun Arkadag şäherinde geçirilmelidi, emma AFC oýny Eýrana geçirmek baradaky karara geldi.

Iki tapgyrdan soň Iordaniýanyň «Al-Hussein» topary 6 utuk bilen «C» toparçasynda öňdeligi eýeleýär. Olar «Sepahan» (1:0 öýde) we «Ahal» (4:1 myhmanlykda) toparlaryny ýeňdiler. «Sepahan» 3 utuk bilen ikinji ýerde, «Ahal» bolsa entek utuk gazanyp bilmedi.

«Ahalyň» ýagdaýy Hindistanyň «Mohun Bagan» klubunyň bäsleşikden çykarylmagy sebäpli has-da kynlaşdy. Şonuň netijesinde AFC «Ahalyň» Kalkuttada gazanan 1:0 hasabyndaky ýeňşini ýatyrdy. Hindistanly topar «Sepahan» bilen geçiriljek oýna gelmedigi üçin dissiplinar çäre hökmünde ýaryşdan çykaryldy.