Oýun sanawy

11 Awgust. 12:39

Serdar Azmun BAE-niň çempionatynyň iň gowy futbolçysy diýlip yglan edildi

«Şabab Al-Ahli» toparynyň hüjümçisi Serdar Azmun 2024/25 möwsüminiň BAE-niň Ýokary ligasynyň iň gymmatly oýunçysy diýlip yglan edildi we «Altyn top» baýragyna mynasyp boldy.

Baýrak gowşurylyş dabarasy Birleşen Arap Emirliklerinde geçirildi. Azmun toparynyň çempion bolmagyna uly goşant goşup, möwsümiň esasy ýyldyzy boldy.

Eýranly, türkmen asylly futbolçy geçen çempionat möwsüminde 21 oýna gatnaşyp, 11 gol geçirdi we 6 gezek oýun ýoldaşlaryna pas berdi. Umuman, ähli ýaryşlarda 39 oýunda çykyş edip, 26 gol we 10 assist bilen tapawutlandy.

Serdar Azmun Eýranyň milli ýygyndysynda çykyş edýär we toparyň esasy hüjümçileriniň biridir.

Iň köp görülen

31 Okt. 13:25

«Ahalyň» futbolçylary Eýranda mähirli garşylanyldy

Çeşme

Türkmenistanyň «Ahal» futbol kluby Eýranyň Ysfahan şäherine AFC Çempionlar ligasy-2-niň toparlaýyn tapgyrynyň dördünji oýnunda ýerli «Sepahan» toparyna garşy çykyş etmek üçin geldi diýip, klubyň metbugat gullugy habar berýär.

«Bu gün „Ahal“ toparynyň wekiliýeti Eýran Yslam Respublikasynyň Ysfahan şäherinde „Sepahan“ toparynyň wekilleri tarapyndan mähirli garşylanyldy. Biz garşy alyjy topara hoşniýetli garşylawlary üçin minnetdarlyk bildirýäris» diýlip, beýanatda aýdylýar.

Oýun noýabr aýynyň 4-ne geçiriler, başlanjak wagty — Aşgabat wagty bilen sagat 19:30. Bu toparlar öňem duşuşypdylar — üçünji tapgyrda «Sepahan» 1:0 hasabynda ýeňiş gazanypdy. Şol duşuşyk hem Aziýa futbol konfederasiýasynyň (AFC) karary boýunça Ysfahanda geçirilipdi. Ilkibaşda oýun Arkadag şäherinde geçirilmelidi, emma AFC oýny Eýrana geçirmek baradaky karara geldi.

Iki tapgyrdan soň Iordaniýanyň «Al-Hussein» topary 6 utuk bilen «C» toparçasynda öňdeligi eýeleýär. Olar «Sepahan» (1:0 öýde) we «Ahal» (4:1 myhmanlykda) toparlaryny ýeňdiler. «Sepahan» 3 utuk bilen ikinji ýerde, «Ahal» bolsa entek utuk gazanyp bilmedi.

«Ahalyň» ýagdaýy Hindistanyň «Mohun Bagan» klubunyň bäsleşikden çykarylmagy sebäpli has-da kynlaşdy. Şonuň netijesinde AFC «Ahalyň» Kalkuttada gazanan 1:0 hasabyndaky ýeňşini ýatyrdy. Hindistanly topar «Sepahan» bilen geçiriljek oýna gelmedigi üçin dissiplinar çäre hökmünde ýaryşdan çykaryldy.