Oýun sanawy


«Ahal» «Regar-TadAZ» toparyny ýeňip, AFK-nyň ikinji Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyryna çykdy
14 Awgust. 07:06Türkmenistanyň «Ahal» futbol topary AFK-nyň ikinji Çempionlar ligasynyň saýlama tapgyrynda Täjigistanyň «Regar-TadAZ» toparyny 2:1 hasaby bilen ýeňip, toparçalaýyn tapgyra çykmagy başardy.
«Ahalyň» düzüminde 62-nji minutda Bahtiýar Gürgenow we 82-nji minutda Süleýman Mirzoýew tapawutlandy. Täjigistanlylaryň ýeke-täk goluny 64-nji minutda Dawid Atsam geçirdi.
Toparçalaýyn tapgyrdaky «Ahalyň» garşydaşlary 15-nji awgustda geçiriljek bije çekişiginden soň belli bolar.
Şeýle hem okanyň


Gyrgyzystanda geçirilen VI Bütindünýä çarwadarlar oýunlary dabaraly ýagdaýda tamamlandy. Dünýäniň 106 ýurdundan 3 müňe golaý türgeniň gatnaşmagynda geçen bu halkara etnosport ýaryşynda Türkmenistanyň milli ýygyndysy uly üstünlik gazandy. Biziň pälwanlarymyz bäsleşikleriň netijeleri boýunça 2 altyn, 3 kümüş we 6 bürünç — jemi 11 medal eýeläp, umumy medal sanawynda 7-nji orny eýelediler. Меdal toplamakda birinji orny Gazagystan, ikinji orny Gyrgyzystan, üçünji orny bolsa Russiýa eýeledi.
Milli ýygyndymyzyň türgenleri milli göreş, kuraş, alyş, ssirym, gazak we azerbaýjan göreşleri ýaly ugurlarda tapawutlandylar. Bäsleşikleriň maksatnamasy diňe bir güýç synanyşyklaryny däl, eýsem kök-börü, er-eňiş, guşly aw oýunlary we «otly çapyksuwar» şowusy ýaly täsirli medeni dabaralary hem öz içine aldy. Ýapylyş dabarasynda dron şüweleňi we halkara konsert geçirildi, şeýle hem nobatdaky VII Oýunlary 2028-nji ýylda geçirmek gezegi Russiýanyň Kazan şäherine gowşuryldy.