Oýun sanawy


Türkmenistanyň wekiliýeti Uganda Respublikasynyň Prezidentiniň wezipä girişmek dabarasyna gatnaşdy
15 Maý. 05:05Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy Ata Serdarowyň ýolbaşçylygyndaky resmi wekiliýet 10–15-nji maý aralygynda Uganda Respublikasynyň paýtagty Kampala şäherinde iş saparynda boldy. Saparyň esasy maksady Ugandanyň täzeden saýlanan Prezidenti Ýoweri Kaguta Museweniniň wezipesine resmi taýdan girişmegi mynasybetli guralan dabara gatnaşmakdan ybarat boldy. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar berşi ýaly, bu halkara çäre Kampalanyň meşhur «Kololo» dabaralar meýdançasynda ýokary derejede guraldy.
Dabaraly çäreler tamamlanandan soň, Ugandanyň ýolbaşçysy Ýoweri Kaguta Museweni türkmen wekiliýetini Entebbe şäherindäki prezident köşgünde kabul etdi. Duşuşygyň barşynda Ugandanyň täze saýlanan Prezidentine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň iberen ýörite minnetdarlyk haty gowşuryldy. Ýokary derejeli hatda dostlukly Uganda döwletiniň dabaraly çäresine çakylyk iberilendigi üçin hoşallyk bildirilýär we ýurduň halkyna parahatçylyk hem-de rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlar beýan edilýär.
Ugandanyň Prezidenti Ýoweri Kaguta Museweni öz gezeginde we Ugandanyň halkynyň adyndan Türkmenistanyň ýokary ýolbaşçylaryna çykarylan hormat we sapar üçin tüýs ýürekden sagbolsun aytdy. Ol Merkezi Aziýanyň ösýän döwletleri, aýratyn-da, Bitarap Türkmenistan bilen syýasy-ykdysady ugurlarda gatnaşyklary ýola goýmaga gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Bu duşuşyk iki ýurduň arasyndaky taryhy we diplomatik gatnaşyklaryň täze saýhypasyny açmaga şert döretdi.
Kompala şäherindäki saparyň çäginde Ata Serdarow Ugandanyň häkimiýet başyndaky partiýasynyň baş sekretary Riçard Todwong hem-de bu ýurduň Daşary işler ministrliginiň jogapkär wekilleri bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar özara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekde ony dürli ugurlar boýunça ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşyklarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde syýasy partiýalaryň hem-de parlamentara hyzmatdaşlygyň orny barada aýratyn bellenilip geçildi.
Şeýle hem okanyň


«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi
Bugün 09:12«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.
Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.
Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.