Oýun sanawy


Türkiýäniň häkimiýetleri çagalary we ýetginjekleri internetiň zyýanly täsirlerinden goramak maksady bilen, ýörite SIM-kartlary döretmek barada karara geldiler. Bu täze aragatnaşyk serişdeleri islenilmeýän we howply mazmunly sahypalary awtomatiki usulda ýapýan ulgam bilen üpjün ediler. Bu ädim ýurtda soňky wagtda ýüze çykan mekdep hüjümlerinden we zorlukly hadysalardan soňra amala aşyrylýar.
Bilermenleriň pikiriçe, gan döküşikli wideooýunlar we zorlugy wagyz edýän materiallar ýaş nesliň psihologiýasyna otrisatel täsir edip, olaryň gaharjaňlygyny artdyrýar. Şol sebäpli ene-atalar üçin niýetlenen bu SIM-kartlar bilen bir hatarda, 18 ýaşdan kiçiler üçin VPN hyzmatlaryny çäklendirmek we internete elýeterliligiň wagtyny kadalaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Bu çäreler sanly dünýäde çagalaryň howpsuzlygyny üpjün etmegiň möhüm bölegine öwrüler.
Mekdeplerde bolup geçen pajygaly wakalar bu kararyň kabul edilmegine esasy sebäp boldy. Aprel aýynyň ortalarynda Siwerek we Gahramanmaraş şäherleriniň mekdeplerinde ýaragly hüjümler guralyp, köp sanly adamyň pidasyna we şikeslenmegine getirdi. Derňew işleriniň netijesinde, hüjüm eden okuwçylaryň uzak wagtlap ganly wideooýunlary oýnandygy we internet arkaly beýleki ýurtlaryň oýunçylary bilen aragatnaşykda bolandygy anyklandy.
Habar berlişine görä, Gahramanmaraşdaky hüjümçi özüniň jenaýatçylykly meýilnamalaryny halkara oýun platformalarynda beýleki ýaşlar bilen maslahatlaşypdyr. Hatda Argentinadan bolan bir gyzyň ony bu pikirinden dändirmäge synanyşandygy hem mälim boldy. Türkiýäniň degişli döwlet edaralary täze SIM-kartlar arkaly ýaşlaryň elýeterli edýän kontentlerine gözegçiligi güýçlendirip, geljekde şeýle gynançly hadysalaryň öňüni almagy maksat edinýärler.
Şeýle hem okanyň


«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi
Bugün 09:12«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.
Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.
Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.