Oýun sanawy

Global derejede ABŞ-a göçüp gitmek isleginiň peselmegi hasaba alyndy

28 Aprel. 14:43

Çeşme

"Gallup" barlag merkeziniň geçiren täze dünýä derejeli jemgyýetçilik pikirini soraşmasy Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna göçüp gitmäge isleg bildirýänleriň sanynyň taryhy minimuma düşendigini ýüze çykardy. Häzirki wagtda dünýä ilatynyň diňe 15 göterimi öz geljegini ABŞ bilen baglanyşdyrmak isleýär. Bu görkeziji 2000-nji ýyllaryň başy we 2017-nji ýyl bilen deňeşdirilende, ep-esli pesdir.

Ykdysady we durmuş mümkinçilikleri taýdan Amerikanyň abraýy käbir sebitlerde heniz hem ýokary bolmagynda galýar. Hususan-da, Latyn Amerikasynyň, Karib deňzi sebitiniň we Saharadan günortadaky Afrika ýurtlarynyň ýaşaýjylary üçin bu ýurt esasy ugur hökmünde garalýar. Muňa garamazdan, umumy tendensiýa dünýäniň beýleki künjeklerinde ABŞ-nyň "ideal ýurt" hökmündäki täsiriniň gowşandygyny görkezýär.

Şol bir wagtyň özünde, barlagyň netijeleri ABŞ-nyň öz içindäki demografik garaýyşlaryň hem üýtgändigini subut etdi. Amerikaly ýaş zenanlaryň arasynda ýurdy terk etmek baradaky pikirler on ýyl mundan ozalky döwür bilen deňeşdirilende dört esse artdy. Bu ýagdaý içerki durmuş-ykdysady we syýasy şertleriň ýerli ilat tarapyndan nähili kabul edilýändigine täzeçe garamaga mejbur edýär.

Halkara seljeriş işi dünýäniň 140-dan gowrak ýurdunda ýüz müňlerçe adamyň gatnaşmagynda amala aşyryldy. Statistik maglumatlar global migrasion akymlaryň ugrunyň üýtgeýändigini we adamlaryň has durnukly ýa-da amatly şertleri başga sebitlerden gözleýändigini tassyklaýar. Bu barlag döwletleriň özüne çekijilik derejesini bahalandyrmakda möhüm görkeziji bolup hyzmat edýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi

Bugün 09:12

Çeşme

«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.

Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.

Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌