Oýun sanawy

Türkmenistanda Türkiýäniň wiza merkezi täze salga göçdi

03 Maý. 16:04

Çeşme

Türkiýe Respublikasyna wiza resminamalaryny kabul etmek hyzmatlaryny amala aşyrýan resmi wekil "Mosaic Visa" kompaniýasy öz işini täze binada dowam etdirýär. 4-nji maýdan başlap, ähli konsullyk hyzmatlary we resminamalary kabul etmek işleri Aşgabadyň döwrebap künjekleriniň birinde ýerleşýän täze ofisde amala aşyrylar.

Müräpnamalary kabul edýän täze merkez Garry Kulyýew (ozalky 2127-nji) köçesiniň 88-nji jaýynda, ýagny "Nowruz Haly" binasynda ýerleşýär. Bu göçüş hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga we raýatlar üçin has amatly şertleri döretmäge gönükdirilendir. Indi raýatlar wiza degişli ähli meseleleri şu täze salgy boýunça çözüp bilerler.

Wiza almak isleýän raýatlar üçin resminamalary tabşyrmagyň iki sany esasy ýoly hödürlenýär. Birinjisi, merkezde göni kabul edişlige gelip, şahsy görnüşde ýüz tutmak, ikinjisi bolsa döwrebap sanly ulgam arkaly, ýagny ýörite onlaýn portal arkaly amala aşyrylýar. Bu usullar işleriň çalt we netijeli ýerine ýetirilmegine ýardam berýär.

Merkez syýahatçylyk, okuw, iş, işewürlik we üstaşyr geçiş ýaly dürli maksatly wizalaryň ähli görnüşlerini resmileşdirýär. Hyzmatlar hepdede bäş gün, sagat 09:00-dan 17:00-a çenli hödürlenip, raýatlar goşmaça maglumat almak üçin 75 41 02 (03, 04, 05, 06) telefon belgileri arkaly habarlaşyp bilerler.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi

Bugün 09:12

Çeşme

«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.

Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.

Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌