Oýun sanawy

Awazada geçirilýän TIF2025 forumy 45 ýurtdan wekilleri jemledi

18 Sen. 07:17

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Maýa goýum forumy — TIF2025 öz işine başlady. Forumyň maksady ýurduň ykdysady pudaklaryna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmekden ybarat. Çäre 18–19-nji sentýabr aralygynda geçiriler.
Forumyň açylyşynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Mämmetguly Astanagulyýew Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşyjylara iberen Gutlag hatyny okady.
Guramaçylaryň berýän maglumatyna görä, bu halkara çärä dünýäniň 45 ýurdundan 800-den gowrak wekil gatnaşýar. Olaryň arasynda döwlet ýolbaşçylary, dünýä belli işewürler we halkara guramalaryň wekilleri bar.
Forumyň dowamynda energetika, infrastruktura, logistika, maliýe we innowasiýa ugurlaryndaky maýa goýum taslamalary tanyşdyrylar.

















Türkmenistanyň ylmy wekiliýeti Baku şäherinde geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar

10 Sen. 10:48

Çeşme

Türkmen wekiliýeti Birinji türkologiýa sýezdiniň 100 ýyllyk baýramyna bagyşlanyp Azerbaýjanda geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar. Bu abraýly bilim forumy 9-njy sentýabrda öz işine başlady diýip «AZERTAJ» agentligi habar berýär.

Bu çäre Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasy we Folklor instituty tarapyndan guramaçylykly geçirilib, oňa TİKA hem-de TÜRKSOÝ ýaly halkara guramalar goldaw berýär. Maslahata Türkmenistan bilen bir hatarda Türkiýeden, Gazagystandan, Ýaponiýadan, Germaniýadan we beýleki onlarça ýurtdan wekiller gatnaşýarlar.

Halkara çäräniň gidişinde Ýewraziýa sebitiniň taryhy we medeni ösüşinde möhüm orun eýeleýän Altaý halklarynyň siwilizasiýa mirasy, taryhy hem-de medeniýeti barada giňişleýin pikir alşylýar.

Dört güne niýetlenen bu simpoziumyň çäklerinde dünýäniň 15 ýurdundan gelen alymlaryň we hünärmenleriň 121 sany ylmy hasabaty diňleniler.