Oýun sanawy

Malawi Respublikasynyň wise-prezidenti Türkmenistana geldi

04 Awgust. 12:39

Malawi Respublikasynyň Wise-prezidenti Maýkl Bizwik Usi «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak maksady bilen Türkmenistana geldi.

Aşgabadyň Halkara howa menzilinde belent mertebeli myhman resmi adamlar tarapyndan dabaraly ýagdaýda garşylandy. Garşylama dabarasynda oňa türkmen myhmansöýerliginiň iň gowy däplerine laýyklykda hormat bildirildi diýlip, «Türkmenhowaýollarynyň» saýtynda habar berilýär.

Aşgabatdaky dabaraly garşylanyşdan soň, Maýkl Bizwik Usi maslahatyň geçiriljek ýeri bolan Türkmenbaşy şäherine ugrady.

Wise-prezidentiň derejesinde wekilçilik edilmegi Malawiniň bu möhüm halkara foruma uly ähmiýet berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr diýlip, habarda bellenilýär.

















Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Emomali Rahmona gutlag hatyny ýollady

09 Sen. 06:24

Çeşme

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona we doganlyk täjik halkyna ýurduň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk toýy mynasybetli mähirli gutlaglaryny iberdi. «TDH» gullugynyň habar berşi ýaly, döwlet Baştutanymyz öz hatynda Täjigistanyň garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan uly üstünliklerini hem-de iki ýurduň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini aýratyn belledi.

Serdar Berdimuhamedow bilelikdäki tagallalaryň netijesinde dostlukly ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de çuňlaşdyryljakdygyna ynam bildirdi hamana Emomali Rahmona berk jan saglygy we bagtyýarlyk, Täjigistanyň halkyna bolsa parahatçylyk hem-de ösüş arzuw etdi. Ýatladyp geçsek, Täjigistan Respublikasy her ýylyň 9-njy sentýabrynda öz Döwlet garaşsyzlygy gününi dabaraly bellenip geçýär.