Oýun sanawy

1947–2024-nji ýyllaryň meşhur aýdymlarynyň seljermesi olardaky duýgy beýanynyň azalýandygyny ýüze çykardy

20 Okt. 09:45

Çeşme

ABŞ-nyň Miçigan ştatynyň uniwersitetiniň psihologlary soňky 77 ýylyň dowamynda, ýagny 1947–2024-nji ýyllar aralygynda çykan 38 467 sany meşhur aýdymy seljerip, taryhy ylmy netijä geldiler. «Psychology of Aesthetics, Creativity and the Arts» ylmy žurnalynda çap edilen bu gözlegde dürli nesillere degişli 230 sany meşhur aýdymçynyň döredijiligi öwrenildi. Awtomatiki tanamak ulgamlarynyň ýalňyşlyklaryna ýol bermezlik üçin, seljeriş toparynyň 30 agzasy her bir aýdymyň sözlerini el bilen barlap çykdylar. Bu usul diňe bir dürli aýdym-saz döwürleriniň arasyndaky üýtgeşmeleri däl, eýsem aýdymçylaryň döredijilik ýolunyň dowamynda aýdymlarynyň sözleriniň nähili özgerendigini yzarlamaga mümkinçilik berdi.

Gözlegiň netijesinde, wagtyň geçmegi bilen aýdymlaryň tekstlerinde oňyn we ters duýgulary beýan edýän sözleriň, şeýle hem maşgala, garyndaşlar hem-da dostlar hakyndaky adalgalaryň ep-esli azalandygy anyklandy. Munuň tersine, aýdym-saz eserlerinde aladany we howsalany bildirýän sözleriň sany köpelipdir, gam-gussany we tukatlygy beýan edýän sözler bolsa doly diýen ýaly ýitip gidipdir. Gözlegiň esasy awtory Logan Gibson adamyň ýaşy ulaldygyça duýgularyna erk etmegi öwrenýändigi we şahsy gatnaşyklara köp üns berýändigi sebäpli, aýdymçylaryň döredijiliginiň hem durnuklaşýandygyny düşündirdi.

Şol bir wagtda alymlar aýdymlaryň sözleriniň diňe bir ýerine ýetirijiniň şahsy duýgularyna däl, eýsem aýdym-saz bazarynyň talaplaryna we medeni şertlere hem göni baglydygyny bellediler. Adatça, aýdym-saz adamlaryň keýpini sazlamaga, başdan geçýän duýgulara düşünmäge we jemgyýetçilik gatnaşyklaryny berkitmäge kömek edýär. Şol sebäpli aýdymlaryň sözlerinde bolup geçýän bu üýtgeşmeler diňe bir aýdym-saz dünýäsindäki täze meýilleri däl, eýsem tutuş jemgyýetde duýgularyň we adam gatnaşyklarynyň beýan edilişiniň düýpli özgerýändigini görkezýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi

Bugün 09:12

Çeşme

«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.

Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.

Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌