Oýun sanawy

Mekdep okuwçylary we talyplar ozon gatlagyny goramaga bagyşlanan makalalar bäsleşigine çagyrylýar

16 Sen. 15:37

Çeşme

Türkmenistanda 10–12-nji synp okuwçylarynyň hem-de talyplaryň arasynda «Näme üçin ozon gatlagyny goramak möhüm?» diýen temada makalalar bäsleşigi yglan edildi. Bäsleşik «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy hamala Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi tarapyndan guralýar. Gatnaşyjylar öz işlerini türkmen, rus ýa-da iňlis dillerinde taýýarlap bilerler.

Işler A4 formatda, 14-nji şriftde ýazylmaly bolup, göwrümi azyndan 2 sahypa bolmalydyr. Makalalar 2026-njy ýylyň 2-nji oktýabryna çenli ⁠tebigatchy.jemg@gmail.com⁠ elektron poçta salgysyna kabul edilýär (hatyň temasynda «Ozon-makala» diýip görkezilmeli). Awtorlar makala bilen birlikde öz adyny, familiýasyny, okuw ýerini we telefon belgisini ibermelidir. Bäsleşigiň netijesinde iň gowy üç işiň eýesi Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglanar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Magtymguly adyndaky TDU-da görnükli ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň 120 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi

Bugün 07:13

Çeşme

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde görnükli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli «Ýagşyny ýatlap...» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Uniwersitetiň resmi internet saýtynda habar berlişi ýaly, çäre ýazyjynyň baý edebi mirasyny wagyz etmäge hem-da «Şükür bagşy» filmininde baş keşbi janlandyran tehniki ylymlaryň doktory, professor, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Amandurdy Handurdyýewiň ýagty ýadygärligini hatyralamaga bagyşlandy. Duşuşyga Ylymlar akademiýasynyň alymlary, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Döredijilik çäresiniň dowamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri we alymlary Nurmyrat Saryhanowyň döredijilik ussatlygy hem-da eserleriniň golýazma mirasy barada çykyş etdiler. Şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda TDU-da mugallymçylyk eden professor Amandurdy Handurdyýewiň milli kino sungatyna we ylym älemine goşan uly goşandy aýratyn nygtaldy.

Sazlaşykly geçen duşuşykda türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary «Şükür bagşy» powesti esasynda edebi-sazly kompozisiýany ham-da «Gün hakynda ballada» atly çeper okaýşy köpçülige hödürlediler. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň dutarçylary tarapyndan meşhur filmden mukamlar ýerine ýetirilip, çäre gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌