Oýun sanawy


Sişenbe we çarşenbe günleri, ýagny 9–10-njy dekabrda Ýer ýüzünde güýçli magnit hadysalarynyň ýüze çykmagy ähtimal diýip, «INTERFAX.RU» görkezýär. Habaryň çeşmesi — Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos barlaglary institutynyň Gün astronomiýasy laboratoriýasy hem-de Gün–Ýer fizikasy instituty.
Çaklamalara görä, magnit tupanlary G2–G3 derejesine çenli ýetip biler, ýagny orta göçgünlilikden güýçli derejä çenli, we olaryň täsiri penşenbe gününe çenli dowam edip biler.
G3 derejesindäki magnit bozulmalary energiýa ulgamlaryna we kosmos enjamlarynyň işine täsir ýetirmegi mümkin. Mundan başga-da, ýerüsti ulgamlarda — hemra navigasiýasynda we radio aragatnaşygynda bökdençlikler ýüze çykyp biler.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň döwlet tebigy goraghanalary manul pişigini öwrenmek boýunça bilelikdäki gözleg işlerini geçirdiler
Bugün 07:05«Köpetdag», «Bathyz», «Köýtendag» we «Gaplaňgyr» döwlet tebigy goraghanalarynyň ylmy işgärleri Köpetdagyň beýik dag guşaklyklarynda täsin seýrek duş gelýän ýabany pişik bolan manuly gözlemek we gözegçilik etmek boýunça bilelikde giň göwrümli işleri geçirdiler. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Manul 2024-nji ýylda çap edilen Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 4-nji neşirinde «ýitip barýan görnüş», Tebigaty goramagyň halkara bileleşiginiň (IUCN) Gyzyl sanawynda bolsa «ýitmek howpuna ýakyn görnüş» derejesi bilen kesgitlendi. XIX asyryň ahyrlarynda we XX asyryň ortalarynda ýurdumyzyň daglyk bölgelerinde köp gabat gelen hem bolsa, soňky ýyllarda bu haýwan hakynda takyk maglumatlar örän azdy.
Ylmy işgärleriň 2018-nji ýyldan bäri geçirýän gözegçilikleriniň netijesinde manul pişigi Duşakerek dagynda, «Köpetdag» goraghanasynyň çäginde, Mürze dagynda, Daştoý deresinde, Uly Balkanda, golaýda bolsa Balkan welaýatynyň Daşky gurşawy goramak müdirligi bilen bilelikde geçirilen barlaglarda Kiçi Balkan dagynda fototuzaklaryň üsti bilen hasaba aldy.
Manul — gür tüýli, gysga aýakly, ýüzünde özboluşly gara zolaklary bolan kiçi göwrümli ýabany pişikdir. Beýleki pişik gurluşly haýwanlar bilen deňeşdirilende tizliginiň haýallygy sebäpli, ol öz awuny gemrijileriň hinleriniň hem-de gaýa jaýryklarynyň agzynda bukulyp awlaýar. Gizlenmek häsiýetiniň ýokarylygy sebäpli manul tebigatda örän seýrek duş gelýän we az öwrenilen görnüşleriň biri bolmagynda galýar.
Şeýle hem okanyň