Oýun sanawy

Özbegistanyň ýokary okuw mekdeplerinde türkmen talyplarynyň sany artýar

30 Aprel. 11:49

Çeşme

Özbegistan Respublikasynyň Statistika agentliginiň täze hasabatyna görä, Türkmenistanyň raýatlary goňşy ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan daşary ýurtlylaryň sany boýunça birinji orny eýeleýärler. Şu ýylyň ilkinji üç aýynyň netijelerine esaslanyp, häzirki wagtda Özbegistanda 7 174 sany türkmenistanly talybyň okaýandygy hasaba alyndy.

Bu görkeziji beýleki döwletler bilen deňeşdirilende has ýokarydyr. Sanawda ikinji orny 2 835 talyp bilen Hindistan, üçünji orny bolsa 1 170 talyp bilen Täjigistan eýeleýär. Şeýle hem Hytaý Halk Respublikasyndan 641 we Gyrgyz Respublikasyndan 483 okuwçy Özbegistanyň bilim ojaklarynda bilimlerini kämilleşdirýärler.

Umuman alanyňda, Özbegistanyň ýokary bilim ulgamynda 15 124 sany daşary ýurtly raýat hasaba alnandyr. Türkmen talyplarynyň bu umumy sandaky paýy takmynan 47 göterime deň bolup, bu ýagdaý iki ýurduň arasyndaky ylmy-bilim gatnaşyklarynyň işjeň ösdürilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Bilim ulgamyndaky bu hyzmatdaşlyk sebitara integrasiýanyň möhüm bölegi bolup durýar. Hünärmenleriň bellemegine görä, okuw maksatnamalarynyň elýeterliligi we medeni meňzeşlikler türkmen ýaşlarynyň Özbegistanyň uniwersitetlerine bolan gyzyklanmasynyň artmagyna sebäp bolýar. Bu meýliň geljekde hem durnukly saklanmagyna garaşylýar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Magtymguly adyndaky TDU-da görnükli ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň 120 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi

Bugün 07:13

Çeşme

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde görnükli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli «Ýagşyny ýatlap...» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Uniwersitetiň resmi internet saýtynda habar berlişi ýaly, çäre ýazyjynyň baý edebi mirasyny wagyz etmäge hem-da «Şükür bagşy» filmininde baş keşbi janlandyran tehniki ylymlaryň doktory, professor, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Amandurdy Handurdyýewiň ýagty ýadygärligini hatyralamaga bagyşlandy. Duşuşyga Ylymlar akademiýasynyň alymlary, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Döredijilik çäresiniň dowamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri we alymlary Nurmyrat Saryhanowyň döredijilik ussatlygy hem-da eserleriniň golýazma mirasy barada çykyş etdiler. Şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda TDU-da mugallymçylyk eden professor Amandurdy Handurdyýewiň milli kino sungatyna we ylym älemine goşan uly goşandy aýratyn nygtaldy.

Sazlaşykly geçen duşuşykda türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary «Şükür bagşy» powesti esasynda edebi-sazly kompozisiýany ham-da «Gün hakynda ballada» atly çeper okaýşy köpçülige hödürlediler. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň dutarçylary tarapyndan meşhur filmden mukamlar ýerine ýetirilip, çäre gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌