Oýun sanawy

Türkmenistanyň mekdeplerinde takyk ylymlary okatmagyň usulyýeti kämilleşdirilýär

01 Iýun. 09:15

Çeşme

Mary welaýatynda tebigy we takyk ugurly dersleri okatmagyň netijeliligini ýokarlandyrmaga bagyşlanan giň göwrümli usuly-amaly döwlet maslahaty guraldy. Bu çäre ýurduň Bilim ministrligi, Milli bilim instituty hem-de welaýat Baş bilim müdirligi tarapyndan bilelikde amala aşyryldy. Forumyň esasy özeni häzirki zaman bilim maksatnamalarynyň talaplaryna laýyklykda matematika, fizika we astronomiýa derslerini okatmagyň hilini täze derejä çykarmakdan ybarat boldy.

Döwlet derejesindäki bu maslahata ýurduň ähli welaýatlaryndan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden usulyýetçi alymlar, ylmy işgärler, mekdebe çenli edaralaryň we umumybilim berýän orta mekdepleriň öňdebaryjy mugallymlary gatnaşdylar. Şeýle hem çärä hünär derejesini ýokarlandyryş merkezleriniň hünärmenleri hem-de ýokary we orta hünär mugallymçylyk mekdepleriniň professor-mugallymlar düzümi işjeň goşuldy. Bu bolsa ylmyň nazaryýetçileri ile amalyýetçi mugallymlaryň arasynda tejribe alyşmaga şert döretdi.

Maslahatyň dowamynda edilen çykyşlarda okuw maksatnamalarynyň, gollanmalaryň mazmunyny döwrebaplaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berildi. Hünärmenler mekdep okuw kitaplarynyň dünýä ylmynyň we tehnikasynyň gazananlary bilen yzygiderli baýlaşdyrylmalydygyny bellediler. Mundan başga-da, başlangyç synplardan başlap, okuwçylaryň derslere bolan gyzyklanmasyny artdyrmak üçin innowasion usullary we dersara baglanyşygy ulanmagyň ähmiýeti bellenildi.

Milli bilim ulgamyny ösdürmegiň esasy ugurlarynyň hatarynda STEM-tehnologiýalaryny hem-de emeli aň ulgamlaryny okatmak işine ornaşdyrmak wezipeleri kesgitlendi. Çykyş edenler bu döwrebap gurallary sapaklaryň dowamynda peýdalanmagyň netijeli ýollaryny subut etdiler. Şonuň bilen birwagtda, takyk ylymlar boýunça ýaş mugallymlaryň hünär ussatlygyny kämilleşdirmekde halypa-şägirtlik däpleriniň orny we ähmiýeti barada giňişleýin durlup geçildi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Magtymguly adyndaky TDU-da görnükli ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň 120 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi

Bugün 07:13

Çeşme

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde görnükli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli «Ýagşyny ýatlap...» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Uniwersitetiň resmi internet saýtynda habar berlişi ýaly, çäre ýazyjynyň baý edebi mirasyny wagyz etmäge hem-da «Şükür bagşy» filmininde baş keşbi janlandyran tehniki ylymlaryň doktory, professor, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Amandurdy Handurdyýewiň ýagty ýadygärligini hatyralamaga bagyşlandy. Duşuşyga Ylymlar akademiýasynyň alymlary, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Döredijilik çäresiniň dowamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri we alymlary Nurmyrat Saryhanowyň döredijilik ussatlygy hem-da eserleriniň golýazma mirasy barada çykyş etdiler. Şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda TDU-da mugallymçylyk eden professor Amandurdy Handurdyýewiň milli kino sungatyna we ylym älemine goşan uly goşandy aýratyn nygtaldy.

Sazlaşykly geçen duşuşykda türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary «Şükür bagşy» powesti esasynda edebi-sazly kompozisiýany ham-da «Gün hakynda ballada» atly çeper okaýşy köpçülige hödürlediler. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň dutarçylary tarapyndan meşhur filmden mukamlar ýerine ýetirilip, çäre gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌