Oýun sanawy

Günorta Koreýa goşunyň düzümini robotlaşdyrmak boýunça täze strategiýany durmuşa geçirýär

12 Maý. 12:55

Çeşme

Günorta Koreýanyň Goranmak ministrligi ýurduň ýaragly güýçleriniň söweşjeň ukybyny saklamak we ösdürmek maksady bilen, harby ulgama robototehnikany ornaşdyrmaga başlady. Bu çäre ilatyň sanynyň azalmagy netijesinde ýüze çykýan esger ýetmezçiligi meselesini innowasion usullar arkaly çözmäge gönükdirilendir. Şu maksat bilen, harby edara «Hyundai Motor» kompaniýasy bilen ýokary tehnologiýaly goşun bölümlerini döretmek barada gepleşikleri geçirýär.

Täze konsepsiýa laýyklykda, goşunyň düzüminde uçuşsyz ulgamlar we emeli aň esasyndaky tehnologiýalar giňden ulanylar. Häkimiýetler ylma esaslanýan harby güýçleri döretmek arkaly, adamyň gatnaşmagyny talap edýän ugurlary awtomatlaşdyrmagy maksat edinýärler. Robotlar ilki bilen aňtaw, serhet gözegçiligi we harby logistika ýaly ugurlarda hyzmat edip, şahsy düzümiň fiziki ýüküni azaltmaga ýardam berer.

Taslamanyň çäklerinde «Boston Dynamics» kompaniýasynyň meşhur dört aýakly robotlaryny, şeýle hem «MobED» mobil platformalaryny ulanmak meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, esgerleriň mümkinçiliklerini artyrýan «X-ble Shoulder» atly ekzoüstihan ulgamlaryny ornaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Bu tehnologiýalar harby gullukçylara has çylşyrymly wezipeleri ýokary netijelilik bilen ýerine ýetirmäge mümkinçilik döredip biler.

Häzirki wagtda taraplaryň arasynda hyzmatdaşlygyň hukuk we tehniki esaslary bellenilýär. «Hyundai» kompaniýasynyň resmi wekilleri meýilleşdirilýän şertnamalar barada heniz anyk maglumat bermeýärler. Muňa garamazdan, bilmenler bu ädimiň harby strategiýada möhüm öwrülişik boljakdygyny we dünýäniň beýleki ýurtlary üçin nusga bolup hyzmat etjekdigini belleýärler.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi

Bugün 09:12

Çeşme

«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.

Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.

Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌