Oýun sanawy

Russiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Türkmenistanyň ilçisine minnetdarlyk bildirdi

14 Mart. 08:08

Çeşme

Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Mihail Galuzin Moskwada diplomatik wezipesini tamamlaýan Türkmenistanyň Russiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Esen Aýdogdyýewe türkmen-rus gatnaşyklaryny ösdürmäge goşan goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi.

13-nji martda geçirilen duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem iki ýurduň arasynda dürli pudaklarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri boýunça pikir alyşmalar geçirildi.

Esen Aýdogdyýew hem öz gezeginde Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylaryna diplomatik wezipesini ýerine ýetirýän döwründe beren goldawlary we hyzmatdaşlyklary üçin minnetdarlyk bildirdi. Ol bu hyzmatdaşlygyň Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary has-da berkitmäge ýardam edendigini belledi.

Ýatladyp geçsek, mundan ozal Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan Esen Aýdogdyýew Türkmenistanyň Russiýadaky ilçisi wezipesinden, şeýle hem Serbiýadaky, Sloweniýadaky we Bolgariýadaky ilçilik wezipelerinden boşadyldy. Şeýle-de ol Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky ilçisi wezipesine bellenildi.

















Türkmenistanyň Daşary işler ministri GDA-nyň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirdi

10 Sen. 12:42

Çeşme

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 111-nji mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Arkalaşykdaky başlyklygynyň ileri tutulýan ugurlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek hem-de GDA-nyň çäklerinde amaly hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini maslahatlaşdylar.

Duşuşykda 2026-njy ýylyň 7-nji we 9-njy oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň we Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlislerine taýýarlyk hem-de olaryň guramaçylyk meselelerine aýratyn üns berildi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda taraplar köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin bilelikdäki amaly işleri dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.