Oýun sanawy


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine doglan güni mynasybetli gutlag hatyny iberdi. Milli telewideniýäniň «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, döwlet Baştutanymyz hytaýly kärdeşine iň gowy arzuwlaryny we parahatçylyk dileglerini ýetirdi.
Hatta Si Szinpiniň baştutanlygynda Hytaýyň ykdysady hem-de durmuş ulgamlarynda gazanan uly ösüşleri, halkyň ýaşaýyş şertleriniň gowulandyrylmagy we ýurduň dünýä metbugatyndaky abraýynyň ýorulmaz derejede artmagy aýratyn bellenilip geçilýär. Döwlet Baştutanymyz iki ýurduň arasyndaky taryhy dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berdi.
Serdar Berdimuhamedow ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem deňhukuklylyk we strategik bähbitler esasynda ösdüriljekdigine ynam bildirdi. Prezident mümkinçilikden peýdalanyp, HHR-iň Başlygyna berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işinde täze üstünlikler, dostlukly hytaý halkyna bolsa abadançylyk arzuw etdi.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň ylmy wekiliýeti Baku şäherinde geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar
10 Sen. 10:48Türkmen wekiliýeti Birinji türkologiýa sýezdiniň 100 ýyllyk baýramyna bagyşlanyp Azerbaýjanda geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar. Bu abraýly bilim forumy 9-njy sentýabrda öz işine başlady diýip «AZERTAJ» agentligi habar berýär.
Bu çäre Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasy we Folklor instituty tarapyndan guramaçylykly geçirilib, oňa TİKA hem-de TÜRKSOÝ ýaly halkara guramalar goldaw berýär. Maslahata Türkmenistan bilen bir hatarda Türkiýeden, Gazagystandan, Ýaponiýadan, Germaniýadan we beýleki onlarça ýurtdan wekiller gatnaşýarlar.
Halkara çäräniň gidişinde Ýewraziýa sebitiniň taryhy we medeni ösüşinde möhüm orun eýeleýän Altaý halklarynyň siwilizasiýa mirasy, taryhy hem-de medeniýeti barada giňişleýin pikir alşylýar.
Dört güne niýetlenen bu simpoziumyň çäklerinde dünýäniň 15 ýurdundan gelen alymlaryň we hünärmenleriň 121 sany ylmy hasabaty diňleniler.