Oýun sanawy


BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisine taýýarlyk boýunça daşary işler ministrliginde brifing geçirildi
31 Awgust. 12:4630-njy awgustda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisindäki ýurdumyzyň ileri tutýan garaýyşlaryna bagyşlanan brifing geçirildi.
Çärä Ministrligiň ýolbaşçylary we işgärleri, Aşgabada akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle-de milli KHBS-iň wekilleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow çykyşynda Baş Assambleýanyň 80-nji mejlisiniň aýratyn ähmiýetini nygtap, onuň köptaraplaýyn diplomatiýanyň durnuklylygyny we zerurlygyny alamatlandyrýandygyny belledi.
Daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň ynama we özara hormata esaslanýan oňyn bitaraplyk syýasatynyň parahatçylygy we durnuklylygy berkitmekde, düşünişmezlikleriň öňüni almakda hem-de halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde netijeli gural bolup hyzmat edýändigini aýratyn belläp geçdi.
Şeýle hem brifingde Türkmenistanyň parahatçylyk gurmak, sebitleýin we ählumumy durnuklylygy üpjün etmek hem-de durnukly ösüş meselelerindäki işjeň we konstruktiw ornuna üns çekildi.
Mundan ozal hem Türkmenistanyň daşary işler ministriniň hökümet mejlisinde ýurdumyzyň Baş Assambleýanyň 80-nji mejlisindäki ileri tutýan ugurlaryny beýan edendigi habar berlipdi.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň ylmy wekiliýeti Baku şäherinde geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar
10 Sen. 10:48Türkmen wekiliýeti Birinji türkologiýa sýezdiniň 100 ýyllyk baýramyna bagyşlanyp Azerbaýjanda geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar. Bu abraýly bilim forumy 9-njy sentýabrda öz işine başlady diýip «AZERTAJ» agentligi habar berýär.
Bu çäre Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasy we Folklor instituty tarapyndan guramaçylykly geçirilib, oňa TİKA hem-de TÜRKSOÝ ýaly halkara guramalar goldaw berýär. Maslahata Türkmenistan bilen bir hatarda Türkiýeden, Gazagystandan, Ýaponiýadan, Germaniýadan we beýleki onlarça ýurtdan wekiller gatnaşýarlar.
Halkara çäräniň gidişinde Ýewraziýa sebitiniň taryhy we medeni ösüşinde möhüm orun eýeleýän Altaý halklarynyň siwilizasiýa mirasy, taryhy hem-de medeniýeti barada giňişleýin pikir alşylýar.
Dört güne niýetlenen bu simpoziumyň çäklerinde dünýäniň 15 ýurdundan gelen alymlaryň we hünärmenleriň 121 sany ylmy hasabaty diňleniler.