Oýun sanawy

Mongoliýanyň Prezidenti döwlet sapary bilen Gazagystana geldi

22 Aprel. 06:47

Çeşme

Gazagystan Respublikasyna döwlet sapary bilen gelen Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh Astana şäherinde uly hormat bilen garşylanyldy. Saparyň çäklerinde iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň arasynda dar düzümde duşuşyk geçirilip, onda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Kasym-Žomart Tokaýew öz çykyşynda gazak we mongol halklaryny asyrlar boýy dowam edip gelýän umumy taryhyň hem-de medeni kökleriň birleşdirýändigini aýratyn nygtady.

Gazagystanyň lideri iki goňşy halkyň däp-dessurlarynyň we durmuş ýörelgeleriniň meňzeşdigini bellemek bilen, bu gymmatlyklaryň häzirki wagtda döwletara gatnaşyklaryň binýadyny düzýändigini aýtdy. Häzirki döwürde Gazagystan we Mongoliýa strategik hyzmatdaşlyk ruhunda özara gatnaşyklary ösdürýärler. Şunuň bilen birlikde, parlamentara we hökümetara derejelerindäki hyzmatdaşlygyň barha berkeýändigi, muňa bolsa ýokary derejedäki yzygiderli duşuşyklaryň itergi berýändigi bellenildi.

Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh hem öz gezeginde Gazagystanyň gazanan uly ösüşlerine ýokary baha berdi. Ol Gazagystanyň Prezidentiniň parasatly ýolbaşçylygynda ýurtda amala aşyrylýan ykdysady we durmuş-syýasy özgertmeleriň mongol halkynda uly gyzyklanma döredýändigini mälim etdi. Hurelsuh 2024-nji ýyldaky özara saparlaryň iki ýurduň taryhynda "altyn harplar" bilen ýazyljakdygyny we hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna ýol açandygyny belledi.

Prezidentleriň duşuşygynyň netijesi boýunça birnäçe möhüm resminamalara gol çekilmegine garaşylýar. Mundan iki ýyl ozal Gazagystanyň Prezidentiniň Ulan-Batora sapary mahalynda onlarça ylalaşyklara gol çekilipdi, häzirki sapar bolsa şol ylalaşyklaryň dowamy hökmünde täze anyk taslamalary durmuşa geçirmäge gönükdirilendir. Bu döwlet sapary Merkezi Aziýa we Gündogar Aziýa sebitleriniň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary has-da berkitmekde taryhy ädim bolar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi

Bugün 09:12

Çeşme

«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.

Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.

Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌