Oýun sanawy


Hindistanda 206 müňden gowrak adamyň gatnaşmagynda köpçülikleýin kitap okamak boýunça dünýä rekordy goýuldy
20 Awgust. 11:05Hindistanyň Tamilnad ştatynyň Erod etrabynda bir wagtda kitap okamak boýunça täze dünýä rekordy resmi taýdan bellige alyndy. «ANI News» neşiriniň berýän maglumatlaryna görä, bu iri möçberli çärä jemi 206 706 adam bir wagtda gatnaşdy.
Rekordy hasaba almak üçin mekdeplerde, uniwersitetlerde, kitaphanalarda we jemgyýetçilik ýerlerinde 519 sany ýörite meýdança döredildi. Gatnaşyjylar bir sekuntda deň başlap, ýarym sagatlap çeper we ylmy-populýar kitaplary okadylar. Çäräniň geçişine Ginnesiň rekordlar kitabynyň ýörite eminler topary gözegçilik etdi.
Ýerli häkimiýetler we guramaçylar bu taslama arkaly häzirki sanly eýýamda ýaşlary elektron enjamlardan saklap, adaty kagyz kitaplary okamak endigini kämilleşdirmegi we wagyz etmegi maksat tutundylar.
Şeýle hem okanyň


Özbegistanda latyn ýazuwyna esaslanýan özbek elipbiýiniň täzelenen we kämilleşdirilen görnüşi tassyklanyldy
Bugün 10:24Özbegistanyň Prezidenti latyn elipbiýine esaslanýan özbek ýazuwynyň täzelenen görnüşini tassyklamak hakyndaky möhüm kanuna gol çekdi. Resmi resminama 2027-nji ýylyň 22-nji aprelinde doly güýje girer. Elipbiýniň täze nusgasy 28 sany harpdan we apostrof belgiden ybarat bolup, ozalky ýazuwda giňden ulanylan käbir harp birleşmelerini aýratyn harplar bilen çalşyrmagy göz öňünde tutýar. Netijede, häzirki wagtda ulanylýan «Sh» harp birleşmesi «Ş», «Ch» — «Ç», «Oʻ» — «Ö», al «Gʻ» bolsa «Ğ» görnüşinde ýazylar, şeýle hem «Ng» birleşmesi elipbiýiň aýratyn birligi hökmünde aýrylar.
Täze kanunyň kabul edilmegi bilen baglylykda, Özbegistanyň Ministrler Kabineti ýakynda täzelenen latyn elipbiýine geçmek boýunça ýörite döwlet maksatnamasyny tassyklamalydyr. Bu maksatnama täze ýazuw düzgünleriniň ýurduň dürli pudaklarnda, şol sanda neşirýatda, maglumat ulgamlarynda we dolandyryş edaralarynda haýsy möhletlerde ornaşdyryljagyny anyk kesgitlər. Kanun güýje giren gününden başlap, ähli köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, döwlet edaralary we resmi edaralar resminamalary täze bitewi düzgünler esasynda ýöretmäge borçly bolarlar.
Şeýle hem täze elipbiýe geçiş döwründe ýüze çykyp biljek kynçylyklaryň öňüni almak üçin ýeňillikler göz öňünde tutuldy: 2027-nji ýylyň 22-nji apreline çenli öňki elipbiýde çap edilen resminamalar, pul birlikleri we gymmatly kagyzlar öz güýjüni doly saklar. Döwlet edaralarynyň öňki nyşanlaryny, binalardaky ýazgylary we ýol görkezijilerini bolsa olar fiziki taýdan könelýänçä ýa-da hökümet maksatnamasynda görkezilen möhletlere çenli ulanmaga rugsat berler. Mundan başga-da, täze düzgünlere laýyklykda taýýarlanan mekdep okuw kitaplaryny 2031-nji ýyla çenli çap edip tamamlamak meýilleşdirilýär.