Oýun sanawy


Beýik Britaniýada bir milliona golaý ýaşlar okuwdan we işden çetde galdy
25 Mart. 13:34Beýik Britaniýanyň zähmet bazarynda ýaşlaryň arasyndaky işsizlik meselesi soňky on ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi. «Reuters» habarlar gullugynyň maglumatlaryna salgylanýan «Belta.by» neşiriniň habar bermegine görä, häzirki wagtda ýurtda bir milliona golaý ýaş adam ne bir ýerde okaýar, ne-de zähmet çekýär. Bu ýagdaý halkara derejesinde NEET (hiç ýerde okamaýan we işlemeýän ýaşlar) diýlip atlandyrylýan görkezijiniň düýpli ýokarlandygyny aýdyň görkezýär.
Hünärmenleriň tassyklamagyna görä, 2025-nji ýylyň ahyrky çärýeginde hasaba alnan bu görkezijiler ýaşlaryň arasyndaky işsizlik derejesiniň soňky on ýyllykda iň pes nokada düşendigini tassyklaýar. NEET görkezijisi adaty işsizlik sanawyna garanyňda, ýaşlaryň jemgyýetden we ykdysady durmuşdan çetleşmegini has takyk hasaplamaga mümkinçilik berýär. Bu ýagdaý ýurduň geljekki ykdysady ösüşi üçin uly töwekgelçilik hökmünde baha berilýär.
Analitikler bu kynçylygyň birnäçe sebäbini görkezýärler. Esasy faktorlaryň biri hökmünde iň pes aýlyk haklarynyň ýokarlandyrylmagy bellenilýär, bu bolsa öz gezeginde iş berijileriň çykdajylaryny artdyrýar. Şeýle hem, iş berijileriň durmuş ätiýaçlandyryş gaznasyna geçirýän maliýe tölegleriniň köpelmegi, kompaniýalaryň ýaş we tejribesiz işgärleri işe almagyna päsgelçilik döredýär. Netijede, ýaş britaniýalylar üçin zähmet bazaryna girmek barha kynlaşýar.
Häzirki wagtda Beýik Britaniýanyň hökümeti we ykdysatçylary bu ýagdaýy kadalaşdyrmak üçin täze strategiýalaryň üstünde işleýärler. Ýaşlaryň hünär ösüşini goldamak we iş berijiler üçin ýeňillikleri döretmek meseleleri gün tertibiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Zähmet bazaryndaky bu çylşyrymly şertler ýurtda durmuş-ykdysady özgertmeleriň zerurdygyny ýene bir gezek subut edýär.
Şeýle hem okanyň


«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi
Bugün 09:12«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.
Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.
Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.